Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda Gurban baýramy üç güniň dowamynda bellenilip geçiler
Ýazylan wagty: 08 августа 2019 Ýazan Mayichka
Türkmenistanda Gurban baýramy üç güniň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunca bellenilip geçilýär. «Gurban» sözüniň manysy: ybadat maksady bilen belli bir wagtda, belli şertlerde, usulyna laýyklykda malyň damagyny çalmak diýmekdir. Gurban baýramy yslam äleminiň hijri-kamary ýyl hasabyna görä 10-13-nji Zilhijje günlerinde iň meşhur dini baýramydyr. Gurbanlyk jemgyýetde dost-doganlygy, ýardamlaşmagy, arkalaşygy saklaýar. Adalatyň,  deňligiň hakykata öwrülmegine goşant goşýar. Gurban kesmek – zekat we baýram namazlary ýaly wajypdyr. Gurbanlykda malyň gowusy göwnühoşluk bilen kesilýär, çünki, olar syratda ynsanyň ulagy bolýar.
  Gurban kesmegiň wagty – gurban baýramynyň birinji güni, baýram namazyndan soň, üçünji gün agşama çenlidir. Baýram namazy okalmaýan ýerde, daň atandan soň gurban kesmek wagty başlanýar we dördünji gün agşama çenli gurban kesmek bolýar.
  Kesiljek malyň gurban edilmäge päsgel berjek keminiň bolmazlygy zerurdyr. Gurbanlyk malyň sagdyn, on iki süňňi ýerbe-er, gurat bolmagy ybadatyň many we maksadyna hem-de saglyk kadalaryna laýykdyr. Çöken hor, keselli, käbir agzalary kemli, meselem: bir  ýa-da iki gözi kör, kesiljek ýere ýöräp baryp bilmejek derejede agsak, bir gulagy ýa-da iki gulagy düýbünden kesik, şahlarynyň biri ýa-da ikisi düýbünden döwük, dişleriniň hemmesi ýa-da köpüsi dökülen mallar gurbanlyga ýaramaýar. Doga şahsyz, gözi çaşy, agsak, gulagy bellik üçin dilnen ýa-da ujy kesilen, gotur, biçilen, dişleriniň käbiri dökülen mallaryň gurban kesilmeginde hiç hili zelel ýokdur.
Yslam alymlarynyň aýtmagyna görä, gurbanlyk edilýän et deň üç bölege bölünýär. Bir bölegi gurbanlyk edýäniň maşgalasyna, bir bölegi dost-ýar, garyndaşlaryna, ýene bir bölegi bolsa gurban kesip bilmedik garyp-gasarlara paý edilmelidir.
Okalan sany: 52   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
08 августа 2019

Gurban kesen kişiniň maşgalasy köplük bolup, gün-güzerany kyn bolsa, maly hiç kime paýlaman özleri  iýse-de bolýar. Gurbanlyk edilen malyň derisini, ýüňüni, garyn-içegelerini, kellebaşaýagyny gazanç üçin satmak dürs däldir. Satylaýanda-da puly mätäçlere sadaka hökmünde paýlanmalydyr.    Bir kişiniň başga biriniň wekili hökmünde gurban kesmegi dürsdür.  Wekil bolan kişi gurbany alyp, kesip, paýlap bilýär. Gurbanda wekillik  habar beriş serişdeleriniň üsti bilen berilse hem dürsdür. Çünki, mal bilen edilýän ybadatlarda gurban berýän bilen wekil deňdir. Sogabyny ýogalan garyndaşyň ýa-da hormatlaýan kişiň ruhuna bagyşlap kesilýän gurbanyň gurban baýramynda kesilýän beýleki gurbanlardan tapawudy ýokdur. Bir kişi ölmezinden öň öz adyna gurban kesilmegini wesýet eden bolsa, bu gurbanyň gurban baýramy günlerinde kesilmegi hökmandyr. Ýöne bu gurban edilen malyň etinden kesen kişiniň iýmegi dürs däldir. Ol etiň baryny sadaka edip paýlamalydyr. Merhum wesýet etmedik bolsa, gurbanlyk onuň pulundan alnyp kesilse, bu gurbanyň hökümi hem wesýet edilip kesilen gurbanyň hökümi bilen deňdir. Gurban ybadatyndan jogapkär bolan kişiniň gurbanlyk maly hut özüniň satyn almagy, özüniň kesmegi ýa-da kesilýärkä başynda durmagy gurban ybadatynyň berjaý edilmegi üçin hökmany şert däldir. Öz adyňdan gurbanlyk kesmegi başga birine hem tabşyrmak mümkin. Mal-baýlyk bilen amal edilýän ybadatlarda başga birine wekillik bermek mümkindir. Ýagny gurban ybadatyny berjaý etmek isleýän kişi öz adyna gurbanlyk janlyny satyn almak we kesmek üçin ynamdar birine wekillik berip biler. Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup kesmek mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler, bular üçin şärik bolmak dogry hasaplanmaýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05515 sek. ýüklenen baýt: 33158