Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
BEDIRKENT GALASY
Ýazylan wagty: 08 августа 2019 Ýazan Mayichka
BEDIRKENT GALASY

Nedir şa külli Eýrany, Orta Aziýany, ençeme döwletleri özüne bakna edipdir. Şan-şöhraty çar tarapa ýaýrapdyr. Onuň Bedir atly bir dogany bar eken. Ol Nediriň uly şa bolup, şan-şöhratynyň artmagyna göriplik edipdir. Ahyry Nediriň dergähine baryp, ondan närazydygyny aýdypdyr. Özüniň han bolmak isleýändigini duýdurýar.
Şonda Nedir şa ýakyn wagtlarda özüniň Köneürgenç patyşalygyna ýörişe taýýarlanýandygyny, şol ýerden inisi Bedir üçin mülk berip, bir belent gala saldyrjagyny wada berýär.
Nedir şa müňlerçe leşger bilen Köneürgenç patyşalygyna ýöriş edýär. Häzirki Bedirkent galasynyň ýerleşýän meýdanyna ýetip, bir gala saldyryp ugraýar. Ol gala «Galaýy Bedir» («Bediriň galasy») ady berlipdir.
Wagtyň geçmegi bilen ol özgerip «Bedirkent» adyna öwrülipdir.
Şol döwürde kyrk müň öýli türkmen Bedirkende golaý gelip, Nediriň inisi Bediriň üstüne çozýar we ýeňip, galany taşlamaga mejbur edýär. Galanyň gurluşygyny şolar dowam etdirýärler. Şolardan «Bedirler» emele gelipdir.

Bedirkent Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşen gadymy gala hem-de obadyr.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,37355 sek. ýüklenen baýt: 29471