Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gurban baýramyny bellemek hakynda
Ýazylan wagty: 10 августа 2019 Ýazan Mayichka
Gurban baýramyny bellemek hakynda
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has hem berkitmek maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda karar edýärin:
1-nji. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2019-njy ýylyň 11-12-13-nji awgustynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.
2-nji. 2019-njy ýylyň 11-nji awgustyndaky dynç günini 14-nji awgusta çarşenbe günine geçirmeli.
3-nji. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegi eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edaralar kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Okalan sany: 12   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06986 sek. ýüklenen baýt: 29241