Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Üzümiň bol hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär
Ýazylan wagty: 10 августа 2019 Ýazan Mayichka
Ahal welaýatynda üzümiň bol hasylyny wagtynda ýygnamak işleri dowam edýär
Ahal welaýatynyň kärendeçi üzümçileri şu ýyl üzümiň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Häzirki wagtda üzüm hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Tomusyň ýiti çoguna ýumşap bişen, kemsiz süýjän, dürli görnüşli üzümleriň bol hasylyny wagtynda ýygnamak işleri dowam edýär. Ak bazarlara ugradylýan täze üzüm hasyllary geçginli harytlaryň birine öwrülip ildeşlerimiziň toý saçaklaryny bezeýär. Üzümden şireli mürepbeler, üzümiň çigidinden bejeriş häsiýetli ýaglar, kişmişleriň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Üzümiň örän köp görnüşleri bellidir. Türkmenistanyň yssy we gurak klimatynda halyly, gelinbarmak, gözel gara, gara we gyzyl kişmiş, terbaş, gürgoýy, riş baba ýaly görnüşleri bar.
Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09213 sek. ýüklenen baýt: 29212