Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dünýäde iň uly wulkaniki gaýa
Ýazylan wagty: 10 августа 2019 Ýazan Mayichka
Bols Piramid
dünýäde iň uly wulkaniki gaýa hasaplanylýar. Bu äpet gaýanyň tutýan meýdany
200 inedördül metre, beýikligi 562 metre barabardyr. Ol Täze Zelandiýanyň we
Awstraliýanyň çäginde ýerleşip, onuň tö-
wereginde myhmanhana, garbanyşhana
ýaly dynç alyş ýerlerine gabat gelinmeýär.
Hat-da 1982-nji ýylda gorag maksady bilen bu gaýa münmeklik hem gadagan edil-
ýär. 1986-njy ýylda bolsa bu gadaganlyk
aýrylyp, ony görmek üçin barylýan ýerlere
ýörite çäkler çekilýär. Diňe alymlara Bols
Piramidiň has golaýyna barmaklyga rugsat berilýär. Çünki olar bu gaýada ösümlik
we haýwanat dünýäsini öwrenmek üçin
ýörite barlaglary geçirýärler. Hakykatdan
hem, bu gaýa diňe daşlardan düzülen ada
ýaly bolup görünse-de, ol ýerde birnäçe
ösümlikler ösýär. Daşlaryň arasyndaky yzgarlar bolsa, janly bedenleriň ýaşamagyna şert döredýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde ol ýerden örän uly agaç taýaklary
tapyldy. Daş keşbi guran bolsa-da, olar yzgardan täsirlenip ýaşamagyny dowam ed-
ýärler. Gaýanyň daşlary hem syýahatçylar
üçin örän gyzykly tebigy gözellikdir. Çünki olar wulkanlaryň atylmagy netijesinde
gelip çykan diýlip çaklanylýar. Syýahatçylyk üçin iň gowy ýerleriň biri hasaplanýan
bu gaýanyň tebigat bilen ajaýyp sazlaşygy dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni çekmegini dowam edýär.
Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10499 sek. ýüklenen baýt: 29830