Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Meňli gyzyň ýüzügine, gaşlar goýsam kümüş bile
Ýazylan wagty: 10 августа 2019 Ýazan Mayichka
Dür, merjen, hakyk, pöwrize, zümerret ýaly şeýle daşlaryň ynsan saglygyny berkitmekde ähmiýeti uly bolupdyr.
Olaryň käbiri ynsan ömrüni uzaltsa, käsileri
gözüň görejini ýiteldipdir. Özüni dakynýan
adama güýç berýän, ruhuny belende göter­
ýän, işini şowladýan, ýoluny açýan, saglygy
goraýan şeýle daşlaryň ähmiýeti gadymy dö­
würlerden bäri parasatly halkymyza mälim
bolupdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly
Pyragy öz goşgy setirlerinde: «Meňli gyzyň
ýüzügine, gaşlar goýsam kümüş bile» diýip
beýan edipdir.
Şeýle saglyk ähmiýetli daşlaryň biri hem
bagt daşydyr. Bu daş pöwrize daşy diýlip
hem atlandyrylýar. Bagt daşynyň ady fransuz
dilinden iňlis diline terjime edilinde «türk
daşy», ýagny türkmen daşy diýlip hem atlandyrylýar. Bu daşyň açyk we goýy asman
reňkleri mälimdir. Mawy reňkli bagt daşy
özüniň gadymylygyny aňladýar.
Bagt daşynyň ýene bir ähmiýeti ynsanyň
görejini ýiteldýändigi bilen baglydyr. Keşde­
çilikde, halyçylykda, gaýma gaýap, dokma
dokamakda şöhrat gazanan ene-mamalarymyzyň elmydama ýakasy gülýakaly, ýaş gyzlaryň başy gupbaly tahýaly bolupdyr. Hakyk
daşy bilen aralaşdyrylyp gaş goýlan şeýle
şaý-sepleriň olaryň saglygyny goramakda uly
orun tutandygyny aýtmak gerek. Bagt daşyny
dakynan ynsanyň hiç mahal kellagyra sezewar bolmandyr. Pöwrize daşyndan gaş goýlan
ýa-da monjuk düzüp dakynan zenan maşgalalar basyk (angina), zob ýaly sökelliklerden
halas bolupdyrlar.
Orta asyrlarda bagt daşynyň öz eýesini dürli
zäherlemelerden gorandygy barada maglumatlar bar. Bu daş erkek kişiler üçin mertligiň,
gaýduwsyzlygyň alamaty bolupdyr. Şol debäpli
Gündogar ýurtlarynyň serkerdeleri, han-begleri
pöwrize gaşly kümüş ýüzükleri dakynypdyrlar.
Bagt daşy, esasan-da, maşgala agzybirliginiň nyşany saýylypdyr. Şol nukdaýnazardan
ugur alyp, türkmen zergärleri kümüşden we
altyndan ýasan şaý-seplerine zümerret, hakyk, aý daşlary bilen gezekleşdirip bagt da­
şyndan gaş goýupdyrlar.
Gadymy zergärçilik ýörelgelerimiz häzirki
döwürde hem dowam etdirilýär. Halypalaryň
saglyk ähmiýetli öwüt-ündewleri ýaş nesillerimize ýetirilýär.
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08546 sek. ýüklenen baýt: 30789