Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suw gündelik durmuşymyzda zerurdyr
Ýazylan wagty: 10 августа 2019 Ýazan Mayichka
Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suw gündelik durmuşymyzda zerurdyr
Suwuň hili onuň himiki düzümine hem baglydyr. Olary, ilki bilen, biziň duýgy we görüş organlarymyz saýgarýar. Misiň mikrobölejikleri suwy bulanyk etse,demir
oňa gyzylymtyl reňk berýär. Adamyň saglygy üçin zyýanly himiki elementleriň suwuň düzüminde artyklyk etmegi, keselçilige getirýär. Mysal üçin, mis bilen seleniň birleşmesi az mukdarda adamyň bedeni üçin microelement hökmünde zerurdyr, emma aşa köp bolan ýagdaýda, ol zyýanlydyr.
* * *
London uniwersitetiniň alymlary erkekleriň we zenanlaryň arasynda akyl barlagyny geçiripdirler. Olar barlagdan iki gezek geçirilýär, ýagny ertirlik edinensoň we 1 bulgur suw içenden soň. Ertir irden diňe bir bulgur suw içen adamlaryň akyl taýdan işjeňligi ertirlik edinenleriňkiden has ýokary bolupdyr.
* * *
Suw adamyň saglygy üçin zyýanly we zyýansyz mikroorganizmleriň ýaşaýyş gurşawydyr. Häzirki döwürde suwy arassalamak, onuň düzüminden zyýanly goşundylary, kesel dörediji bakteriýalaryýok etmek üçin dürli usullar tapylýar. Bulara suwy ýodlamak, aktiw kümşi ulanmak, hlorlamak, ozonlamak we başgalar
degişlidir.
* * *
Hlor güýçli okislendiriji bolup, keseldörediji mikroorganizmleriýok edýär. Emma Derýalardan we köllerden ýygnalan suwlaryňdüzüminde akdyrylýanhapa suwlar bilen gelen dürli zyýanlymaddalar bar. Hlor olar bilen täsirleşme geçende, örän ýakymsyz birleşme emele gelýär. Hlor bilen fenolyň birleşmesi az mukdarda bolanda, ol howply däldir.
* * *
Adam 6 — 8 göterim suwuklyk ýitirende gyzgynyň galmagy, teniň gyzarmagy,
dem alyş we ýürek urma ýygylaşmagy, kellagyry, beden myşsasynyň gowşamagy peýda bolup, başy aýlanýar. 15 — 20 göterim suwuklyk ýitirilende — gan goýalyp, ýürek onuň aýlanyşyny ýola goýup bilmeýär.
* * *
Tebigatda Suwuň 1300-e golaý görnüşi bar. Gelip çykyşy boýunça ol, esasan,
çeşme, ýagyş, ýerasty we gar suwlaryndan ybaratdyr.
* *
Okalan sany: 29   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07583 sek. ýüklenen baýt: 30549