Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Keçe öz ähmiýetini ýitirmän gelýär
Ýazylan wagty: 10 августа 2019 Ýazan Mayichka
Keçe öz ähmiýetini ýitirmän gelýär
Haly we keçe gadym eýýamlardan bäri türkmen halkynyň gündelik durmuşynda uly orun tutup, biziň döwrümizde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Enelerimiz we mamalarymyz nepis milli düşeklerimizi öndürmek üçin ýüň saýlamagyň we ondan çig mal taýýarlamagyň, haly dokamagyň, keçe basmagyň, olara ýiti reňk, owadan öwüşgin bermegiň inçe tilsimlerini asyrdan-asyra geçirip, biziň günlerimize ýetiripdir. Il içinde «sähra halysy» diýen ady alan keçeler goýnuň ýazlyk we güýzlük ýüňünden edilýär. Käbir ýerlerde keçe ediljek goýun ýüňüne guzynyň, geçiniň, düýäniň ýüňi hem goşulýar. Keçäniň esasyny emele getirýän ýüňde lanolin (goýun ýagy) saklanýar. Başgaça «mal mumy» diýlip atlandyrylýan bu madda adam bedeni bilen galtaşanda onuň temperaturasynyň täsiri bilen işjeňleşýär we aýaklaryň derisine aralaşýar hem-de ony iýmitlendirýär, ýumşadýar.
Lanoliniň düzüminde çylşyrymly efirleriň, ýokary molekulýar spirtleriň we miristin, palmitin, serotin ýaly iň ýokary ýaglylykly turşulyklaryň garyndylarynyň bardygy mälimdir. Bu maddanyň esasy gigiýeniki häsiýeti onuň antiseptiki, gigroskopiki (çyg çekiji) hem-de adam bedeni üçin zyýansyz ekologiki taýdan arassa önüm bolup durýandygyndadyr. Ol gyşyna çyglylygy özüne siňdirip, tomsuna ony bölüp çykarýar.
Lukmançylykda keçäniň bejeriji täsiriniň bardygy şeýle delillendirilýär:
• Keçäniň üstünde ýöremek aýaklara owkalaýjy täsir edýär.
• Keçäniň üstünde ýörelende ýa-da ýüňden dokalan joraplar, öý köwüşleri geýlende ýüň dabanlary gyjyndyryp, olara akupunktura (bedeniň aýry-aýry nokatlaryna ýörite iňňeleri sançmak arkaly geçirilýän bejeriş usuly) ýaly täsir edýär.
• Keçe ganaýlanyşyň we arterial gan basyşynyň kadalaşmagyna itergi berýän elektrostatiki meýdan bolup durýar.
Okalan sany: 13   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07118 sek. ýüklenen baýt: 30250