Gurban Baýramy bilen Nexttm.com saýty gutlaýar
Ýazylan wagty: 11 августа 2019 Ýazan Mayichka
Külli musulmanlaryň, ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy bolan mukaddes Gurban Baýramy bilen Nexttm.com saýtynyň işgärleriniň we agzalarynyň adyndan gutlaýarys! Dünýä halklary bilen birlikde türkmen halkynyň hem ynsany belent ahlaklylyga, wyždan päkligine ugrukdyrýan ilkinji dinleriň kemala gelmeginde, ynanç ygtykatlaryň, adat-dessurlaryň, ynsanperwer we dünýewi, gymmatlyklaryň döremeginde, baýlaşmagynda orny örän uludyr.
Watanymyzyň ýer ýüzindäki at-abraýy has-da belende galsyn. Ýagşy doga-dilegleriňiz, gurbanlyk sadakalaryňyz, baýram namazlaryňyz gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Okalan sany: 23 Jogaplar: ( 0 )