Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hadyslarda gurban kesmek we Gurban baýramy barada
Ýazylan wagty: 13 августа 2019 Ýazan Mayichka
Hadyslarda gurban kesmek we Gurban baýramy barada
Pygamberimiz (s.a.w.) “Gurban kesiň; çünki gurban ataňyz Ibrahimiň sünnetidir”, “Haly -ýagdaýy ýerinde bolup-da (dini ölçeglere görä baý saýylyp-da), gurban kesmeýän kişi biziň namazgähimize, mesjidimize golaýlaşmasyn”, “Ynsan ogly Allah gatynda, gurban gününde gurban kesmekden has söýgüli iş eden däldir. Ol gurban, kyýamat gününde şahlary, derisi we dyrnaklary bilen geler. Gurban ganynyň Allah gatynda uly gadyry bardyr, gan akyp ýere düşmänkä, Allah gatynda beýik bir mertebä ulaşar. Gurbany tämiz we halys bir kalp bilen Allaha hödür ediň”, “Gurbanlar, eýeleri üçin syrat köprüsinden geçilende bir ulag halyna geljekdirler”, “Gurbanlaryňyzdan bir bölegini iýiň, bir bölegini sadaka beriň we bir bölegini-de ýygnap goýuň” ýaly hadyslary bilen baýramyň, gurbanyň we mätäçlere ýardam bermegiň ähmiýetini beýan edipdir.
Gurbanlyklaryň kesilýän baýramyň birinji, ikinji we üçünji günlerine eýýam-y nahr (gurban günleri) diýilýär. Gurbanlygy hadysda ýewm-i nahr diýlip atlandyrylan birinji günde kesmek has ýerliklidir. Mukym (ýolagçy bolmadyk), musulman we dini ölçege görä baý hasapanýan kişä gurban kesmeklik wajypdyr. Gurban kesmek işi baýram namazyndan soň başlanyp, baýramyň üçünji gününe çenli dowam edýär. Resulallahyň sünnetine görä gurban kesmeklik wajyp hem bolsa, (...Rabbiň üçin) gurban kes!” aýatyna görä Allahyň ryzasyny gazanmak niýeti bilen kesilmegi parzdyr. Çünki bu amalda hem esas bolan takwa bolup, aýatda “Ne olaryň etleri ulaşar Allaha, ne-de ganlary. Oňa ulaşjak ýeke zat, kalplaryňyzdaky takwadyr, Allah söýgüsidir. Ol, sizi dogry ýola çykarany üçin, Onuň beýikligini yglan etmegiňiz üçin bu haýwanlary size bagyş etdi...
Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,24483 sek. ýüklenen baýt: 30156