Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gurban ybadaty bilen baglanyşykly sowallar we jogaplar
Ýazylan wagty: 13 августа 2019 Ýazan Mayichka
Gurban ybadaty bilen baglanyşykly sowallar we jogaplar
Gurbanlyk kesmän, gurbanlyk janlyny ýa-da onuň puluny haýsydyr bir garyba bersek gurban ybadatyny berjaý etdigimiz bolarmy?
Gurban ybadatynyň şerti gurban edilmegine rugsat berlen haýwanlardan birini gurbanlyk günlerinde kesmekdir. Bu sebäpden, gurban kesmek ýerine, gurbanlyk maly diriligine ýa-da onuň bahasyny bir garyba ýa-da haýyr-sahawat edarasyna bagyşlamak bilen gurban ybadatynyň berjaý edildigi bolmaz. Emma, gurbanlyk malyň bahasy başga birine berlip, öz adyňa gurban kesdirilip bilner.
Gurbanlygy hökman özüň kesmek ýa-da kesilýärkä başynda durmak hökmanmy? Bu iş kimdir birine ýa-da haýsydyr bir haýyr-sahawat edarasyna tabşyrylyp bilnermi?
Gurban ybadatyndan jogapkär bolan kişiniň gurbanlyk maly hut özüniň satyn almagy, özüniň kesmegi ýa-da kesilýärkä başynda durmagy gurban ybadatynyň berjaý edilmegi üçin hökmany şert däldir. Öz adyňdan gurbanlyk kesmegi başga birine hem tabşyrmak mümkin. Çünki, gurbanlyk mal-baýlyk bilen amal edilýän ybadatdyr. Mal-baýlyk bilen amal edilýän ybadatlarda başga birine wekillik bermek mümkindir. Ýagny gurban ybadatyny berjaý etmek isleýän kişi öz adyna gurbanlyk janlyny satyn almak we kesmek üçin ynamdar birine wekillik berip biler.
Goýuny hem şärik bolup gurban kesmek mümkinmi?
Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup kesmek mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler, bular üçin şärik bolmak dogry hasaplanmaýar. Sygyr ýa-da düýe malyna şärik bolýanlaryň ählisi hem gurbanlyk niýeti bilen şärik bolmaly, aralaryndan bir kişi hem et almak niýeti bilen şäriklige goşulmaly däldir.
Gurban haçan kesilýär?
Gurbanlyk mal Gurban baýramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde kesilýär. Birinje günde kesilmegi has sogaplydyr. Gurban kesmegiň wagty baýram namazynyň kylynmagyndan soňra girýär. Gije gurbanlyk kesmek mekruh hasaplanýar.
Okalan sany: 68   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 августа 2019

Teşrik tekbiri näme diýmek? Gurbanlyk kesmeýänler hem Teşrik tekbiri aýtmalymy? Mälim bolşy ýaly, gurban baýramy hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Zilhijje aýynyň onunjy güni başlaýar we dört gün dowam edýär. Arefe güni (baýramdan bir öňki gün) we gurbanyň dört güni bilelikde “Eýýamy teşrik” diýlip atlandyrylýar. Bu bäş günüň dowamynda parz namazlaryň yzyndan aýdylýan tekbirlere “Teşrik tekbirleri” diýilýär. Teşrik tekbiri: “Allahu Ekber, Allahu Ekber, La ilahe İllallahu Wallahu Ekber. Allahu Ekber Welillahil-hamd.” Arefe gününiň ertir namazyndan başlap, baýramyň dördünji gününiň ikindi namazyna çenli ýigrimi üç wagtlyk parz namazyň yzyndan, salam berlenden soňra bu tekbiri bir gezek aýtmak wajypdyr. Jemagat bilen ýa-da ýeke özi namaz kylýan, gurban kesýän ýa-da kesmeýän, ýolagçy bolan ýa-da bolmadyk zenan-erkek ählisiniň ýokarda agzalan wagtlardaky her parz namazyň yzyndan Teşrik tekbirini aýtmagy hökmanydyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05576 sek. ýüklenen baýt: 32320