Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýylgyryş adamyň ömrüni uzaldýar
Ýazylan wagty: 13 августа 2019 Ýazan Mayichka
Ýylgyryş adamyň ömrüni uzaldýar

Italiýanyň Parma şäheriniň uniwersitetiniň neýrobiologlary kelle beýnisinde daş-töwerekdäki adamlaryň emosional ýagdaýyny duýmaga kömek edýän aýna neýronlaryň bardygyna üns berdiler. Görlüp oturylsa, aýna neýronlar diňe bir başga adamlaryň şatlygyny ýa-da gaýgysyny açyk-aýdyň görmäge mümkinçilik bermän, eýsem özüň hem şeýle duýgulary başdan geçirmegiňe itergi berýän eken. Şoňa görä, adam kimdir biriniň ýylgyranyny görende özi hem ýylgyranyny duýman galýar. Munuň hut şeýledigine şwed alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesi hem güwä geçýär.
Görlüp oturylsa ýylgyrmak gaşyňy çytmakdan aňsat eken. Adam ýüzüni gamaşdyryp, gaşyny çytanda bedende has köp güýç sarp edilýär.
El gysyşmak, gujaklaşmak, tagzym etmek, el çarpmak dürli ýurtlaryň däp-dessurlarynda dürli mana eýe bolup durýar. Çyn ýürekden çykýan ýylgyryş bolsa bütin dünýäde ýekeje manyny — adamyň bagtlydygyny aňladýar.
Adam ýylgyranda ýüz myşsalarynyň 5-den 53-e çenlisi şol bir wagtda herekete gelýär.
Çaga özüni alyp baryş we gepleýiş endiklerini daş-töwerekdäki adamlara syn etmek we öýkünmek arkaly öwrenýär. Ýylgyrmak ukyby bolsa käbir alymlaryň pikirine görä, dogabitdi häsiýete eýe bolup durýar. Görmekden doga mahrum çagalaryň hem ýylgyryp bilmegi muňa güwä geçýär.
19 hili ýylgyryş bar. Olar 2 sany uly topara bölünýär. Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş peýda bolanda ýüzüň iki tarapynda hem myşsalaryň köp sanlysy herekete gelýär. Adam ýöne sypaýçylykly ýa-da ýalandan ýylgyranda hereketlenýän myşsalaryň sany azalýar.
Aýallar erkeklere seredeniňde, gyzjagazlar oglanjyklara garanyňda köp ýylgyrýarlar.
Okalan sany: 29   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 августа 2019

Ýylgyryş adamyň ömrüni uzaldýar. Amerikaly alymlaryň 10 ýyldan gowrak dowam eden barlagynyň netijesi muňa güwä geçýär. Olar ýylgyryp ýa-da çytylyp surata düşen türgenleriň ömrüniň dowamlylygyny öwrendiler. Görlüp oturylsa, ýylgyryp surata düşen oýunçylar 80-den hem köp ýaşapdyr. Beýleki oýunçylaryň ömri olaryňka seredeniňde 10 ýyl töweregi gysga bolupdyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06567 sek. ýüklenen baýt: 31113