Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Türkmen sährasy-2019” halkara awtomobil sergisi
Ýazylan wagty: 14 августа 2019 Ýazan Mayichka
“Türkmen sährasy-2019” halkara awtomobil sergisi dünýäde ilkinji gezek geçirilýändigi bilen tapawutlandy
Gözelligiň, dost-doganlygyň, şatlyk-şowhunyň mekanyna öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy baýramçylyk lybasyna beslendi. Ajaýyp zamanamyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan birinji Hazar ykdysady forumy dünýäň ünsüni özüne çekdi. Forumyň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we “Türkmen sährasy-2019” halkara awtomobil sergisi köpugurlylygy babatda dünýäde ilkinji gezek geçirilýändigi bilen tapawutlandy. Halkara serginiň dowamynda ýurdumyzyň ösüşleriniň ýeten derejesi giň beýanyny tapdy. Şeýle hem dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň innowasion tehnologiýalary bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik boldy. Halkara sergide dünýäniň ýüzlerçe döwletleriniň — Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň, Bolgariýanyň, Italiýanyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Hytaýyň, Koreýanyň täze tehnologik işläp taýýarlamalary we dürli önümleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde hususy telekeçileriň öndürýän amaly-haşam sungatyna degişli önümleri, haly we haly önümleri, dürli görnüşli sowgatlyklar tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.
Halkara serginiň dowamynda daşary ýurtly kompaniýalar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetde, oba hojalygynda, sportda, syýahatçylykda, saglygy goraýyşda, ylym-bilimde ýeten belent derejelerini aýratyn bellediler. Olar dünýä bazarynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Şeýle hem halkara forumda ýerli we daşary ýurtly hünärmenler özara tejribe alyşdylar, ylmyň täze gazananlaryny Türkmenistana ornaşdyrmakda geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşdylar.
Okalan sany: 63   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
14 августа 2019

Birinji Hazar ykdysady forumyna we onuň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde, «Türkmensährasy-2019» halkara awtomobil sergisinde Türkmenistanyň önümçilige we beýleki möhüm ulgamlara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygy hem aýdyň ýüze çykdy. Önümçilige ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň ekologiýa taýdan arassalygynyň üns merkezinde saklanýandygy hem başyňy göge ýetirýär. Dünýäniň dürli döwletleriniň başyny jemlän birinji Hazar ykdysady forumyna we onuň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine we “Türkmen sährasy-2019” halkara awtomobil sergisine meşhur kompaniýalar, önüm öndürijiler, hünärmenler bilen bir hatarda, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06011 sek. ýüklenen baýt: 31902