Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
MAŞGALAM – BAŞ GALAM
Ýazylan wagty: 17 августа 2019 Ýazan NEXTTM
MAŞGALAM – BAŞ GALAM
     Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny, toý däplerini, maşgala mukaddesligini hem-de üstümizdäki Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylyny wasp etmek maksady bilen golaýda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Maşgalam-baş galam» atly şygar astynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. TZB-niň welaýat bölüminiň hem-de medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige Gurbansoltan eje adyndaky, Gubadag, Görogly, Akdepe etrap hem-de Daşoguz şäher medeniýet merkezleriniň toparlary gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň maşgala gymmatlyklary barada öz taýýarlan islendik görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirmek, maşgalada är-aýalyň tutýan orny we borçlary barada sorag-jogap alyşmak, türkmen maşgalasynda tutulýan dürli görnüşli toýlarda ýerine ýetirilýän däp-dessurlary öz içine alýan sahnalaşdyrylan görkezme çykyşlary ýerine ýetirmek ýaly bellenen şertlerinde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda çykyş edenler gadymy hem müdimi medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, maşgala gymmatlyklaryna degişli ajaýyp pursatlary ussatlyk bilen janlandyrdylar. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinden parçalary sahnalaşdyrmak bilen maşgala gymmatyny, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky baglanyşygy doly açyp görkezdiler. Milli hem döwrebap görnüşde, sazlaşykly keşpde, ýüreklere joşgun eçilýän ruhubelentlikde, bagtyýarlyk döwrümizde gaýnap-joşýan hakyky durmuşyň esasynda ýerine ýetirilen çykyşlar Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň beýik işlerine hoşallygyň beýanyna öwrüldi.
Okalan sany: 83   Jogaplar: ( 1 )

Nany
18 августа 2019

Güzel kıyafetler. kiss_mini


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05257 sek. ýüklenen baýt: 30762