Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Eýesini tapan setirler
Ýazylan wagty: 20 августа 2019 Ýazan Mayichka
EÝESINI TAPAN SETIRLER
Soltan Sanjara ýaranjak bolup, bir adam mejlisde goşgy okapdyr. Goşgy okalýan wagty şygyr diňlemegi, ondan many çykarmagy gowy görýän Soltanyň barha gaşy çytylypdyr. Goşgy okalyp bolandan soň, Soltan Sanjar:
— Şu şygryň içindäki setirleriň eýeleri şu mejlisde bar bolsa, ýerinden tursun — diýipdir. Birnäçe adam ýerinden turup, edep bilen tagzym edip durupdyr.
Soltan ör turan adamlara seredip:
— Setirler eýesini tapdy, özüňe näme galdy? — diýipdir.
Ogurlykda tutulan adam çöke düşüp, patyşa ýalbarypdyr.

Omar Haýýamyň ýyl senenamasy bilen baglanyşykly özgertmesi Nasyr ad-Din at-Tusiniň «Elhanyň astronomik tablisasy» diýen işinden ýerlikli peýdalanypdyr. Omar Haýýam Samarkandyň astronomlary bilen bilelikde düzülen «Guraganyň täze astronomik tablisasy» diýen atly işini taýýarlaýar.
Gündogaryň meşhur astronomy we matematigi Nasyr ad-Din Abu Jafar Muhammet ibn Muhammet Tusiniň ýazmagyna görä: «Mälik ady bilen başlanan bu täze döwrüň senenamasy, seljuklaryň görnükli soltany Mälik şanyň (1072—1092) ady bilen ýöredilip başlanypdyr». Bu senenamanyň başlangyjy Goýun zodiak ýyldyzlar toplumy bilen baglanyşdyrylyp, bahar paslyndan başlanýar. Omar Haýýamyň ýolbaşçylygynda Yspyhanyň obserwatoriýasynda «Mälik şanyň astronomik tablisasy» diýen işinde hereket etmeýän ýyldyzlar toplumynyň başlangyjy 1079-njy ýyldan başlanýar. Onuň düzümine 100 sany şöhle saçýan ýyldyzlar toplumy hem girýär. Dolanyşykda şu senenamanyň ulanylyşy XII asyrda saklanyp galan taryhy çeşmelerde hem beýan edilýär. Şol taryhy çeşmeleriň biri hem häzirki wagtda Parižiň billi kitaphanasynda saklanýar. Bu senenamanyň ýöredilip başlanyşy barada ýene-de Nasyr Muhammet Tusiniň işlerinde duş gelmek bolýar.
Okalan sany: 90   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
20 августа 2019

Ol Samarkandyň astronomlary bilen bilelikde ýazan «Gürgeniň täze astronomik tablisasy» atly işinde: «Bu senenamanyň 1-nji güni 468-nji Hijri ýylyndan, ýagny Şaaban (Remezan) aýyndan başlanýar» diýip belleýär. Omar Haýýamyň düzen senenamasynyň aýlarynyň atlary Gün senenamasynyňka meňzeş görnüşde bolupdyr. Bu aý atlarynyň atlandyrylyşy gadymy pehlewi dilinde beýan edilmän, gadymy pars dilinde aňladylypdyr. Omar Haýýamyň düzen senenamasynyň aýlary ýönekeý görnüşde bolup, her aý 30 günden, ýylyň soňky aýyna (Isfandarmuza) 5 gün goşulmak bilen beýleki senenamalardan düýpli tapawutlandyrylypdyr. Senenamanyň günlerindäki şeýle ýagdaý her 4 ýyldan 7-8 gezek gaýtalanyp, 5 ýyldan bir gezek ýylyň dowamlylygy 366 günden ybarat bolupdyr. Omar Haýýamyň düzen senenamasynda Omar Haýýamyň meşhur senenamasy doly ýyl baradaky görkezilýän maglumatlar, fewral aýynda 4 ýyldan bir gezek gelýän 29-njy gününe şeýle düşündiriş berýär. Omar Haýýamyň bu senenamasy biziň häzirki döwürde ulanýan senenamamyz bilen deňeşdirilende, 400 ýylda 99 sany uzyn ýyl (високосный год) bolup, ýylyň ortaça dowamlylygy 365,2425 gije-gündize deň bolýar. Bu bolsa takyk senenama boýunça, her ýyla 0,003 gije-gündiz ýetmezçilik edipdir. Bu bolsa 3333 ýyldan doly 1 gije-gündize deň gelýän hasaba ýetýär. Şol sebäpli hem hakykat ýüzünde Omar Haýýamyň düzen senenamasynda uzyn ýylyň (високосный год) üstünde takyk maglumatlary işlemän, diňe astronomik seljermeler arkaly seljerme berýär. Bu düzülen senenamada bahar paslynda gije-gündiziň deňleşýänliginazara alnypdyr.

Mayichka
20 августа 2019

Muňa mysal edip, Omar Haýýam özüniň «Nowruznama» atly kitabynda şeýle belleýär: «Öňki senenamalar bilen deňeşdirilende, täze düzülen senenama 16 gün tapawut edip, görkezilen senesi boýunça yza galypdyr. Bu senenama barada görnükli seljuk soltany Mälik şa eşidip, öňki senenamalar bilen baglanyşykly uzyn ýyllaryň (високосный год) ulanylyşyny bes etmegi buýurdy» (Omar Haýýam Nişaburi. Nowruznama. Tähran. 2013. sah 83). Şol sebäpli Omar Haýýam öz senenamasynda uzyn ýyllara kän üns bermändir. Şeýlelik bilen Omar Haýýama düzen 33 öwrümli senenamasyny doly gutarnykly derejä ýetirmek başartmaýar. Sebäbi Soltan Mälik şa 1092-nji ýylda ýogalýar. Omar Haýýam bolsa, Mälik şanyň ölüminden soň, özüniň ylmy döredijilikli ýoluny Yspyhanda dowam etdirip bilmeýär. Sebäbi Yspyhandaky Omar Haýýamyň ýolbaşçylygyndaky obserwatoriýa Mälik şanyň ölüminden soň hereket etmegini bes edipdir. Muňa garamazdan, Omar Haýýamyň ömri we döredijiliginiň iň ygtybarly döwri onuň Yspyhandaky obserwatoriýa ýolbaşçylyk eden wagty hasaplanýar


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14279 sek. ýüklenen baýt: 35008