Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Omar Haýýamyň senenamasy
Ýazylan wagty: 20 августа 2019 Ýazan Mayichka
OMAR HAÝÝAMYŇ MEŞHUR SENENAMASY
Gündogaryň meşhur alymy Omar Haýýam özüniň ylmy döredijilik ýoluny Buhara şäherinde (1068 — 1079 ýý) şa köşgünde başlapdyr. 1074 ýylda Beýik Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şa (1072—1092) Omar Haýýamy paýtagta Yspyhandaky obserwatoriýa ýolbaşçylyk etmäge çagyrýar. Omar Haýýamyň köşk obserwatoriýasyna çagyrylyşy barada Ibn Esir şeýle belleýär: «Yspyhanda soltan üçin obserwatoriýa gurlup, bu obserwatoriýa üçin örän uly serişde harçlanypdyr. Şol ýylda Mälik şa bilen Nyzam al-Mülk (1018—1092) obserwatoriýa Omar Haýýam bilen bir hatarda iň ökde astronomlar Abdul Muzaffar al-Isfazary, Maýmun ibn Najib al-Wasiti çagyrypdyrlar» . Mälik şa merkezi obserwatoriýasyny gurdurmak üçin, döwlet gaznasyndan ummasyz möçberde pul bölüp beripdir. Obserwatoriýany iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrmagy buýrupdyr. Kämil enjamlar bilen üpjün edilen obserwatoriýada işe başlan Omar Haýýama Mälik şa tarapyndan täze senenamany düzmägi tabşyryk beripdir. XI asyrda Eýranda we Orta Aziýada ilat arasynda bir wagtyň özünde iki senenama ýöredilipdir. Bu senanamalar yslam dininden öňki otparazlaryň Gün senenamasy we araplaryň Aý senenamasydyr. Bu senanamalar ilatyň arasynda ýöredilen hem bolsa, bularyň ikisi hem takyk bolmandyr. Seljuklar döwletiniň çäginde ýöredilýän Gün kalendarynyň düzümi Otparazçylyk dini bilen baglanyşdyrylypdyr. Bu senenamada Ýer Şarynyň Günüň daşyndan aýlanyşyndan ugur alnyp, 365 günden, 5 sagat, 48 sekuntdan ybarat bolupdyr. Emma Aý senenamasy bolsa, Aýyň Ýer şarynyň daşyndan aýlanyşyndan ugur alnyp, 12 aýdan 354 günden, 8 sagat 48 minut 36 sekuntdan ybarat bolupdyr.
Okalan sany: 58   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
20 августа 2019

Gündogar ýurtlaryň arap dünýäsinde yslamdan öňki dörän senenamany ulanypdyrlar. Ol senanama iki sany senenamadan ybarat bolup, iudeýleriň (ýewreýleriň) we hytaýlylaryň seneneamasy hasaplanypdyr. Bu senenama-da 24 ýyllyk sikl-döwri öz içine alyp, her ýyla 13 nji aý goşulyp, bir ýylyň ortaça dowamlylygy 365 güne deň bolan Aý-Gün senenamasy ýöredilipdir. Arap ýarymadasynda senenema bilen baglanyşykly Muhammet pygamber 631-nji ýyldan başlap, Gün senenamasynyň goşundylaryny goşmaklygy gadagan edýär. Pygamber diňe arassa Hijri senenamasyny ýöretmekligi ýola goýýar. Hijri senenamasynyň 1-nji ýyly 622-nji ýylyň Iýul aýynyň 16-syndan başlanyp, ýagny Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göç eden döwründen ýöredilip başlanypdyr. Bu Hijri senenamasy Gün senenamasyndan ýylda takmynan 10 gün gysga bolup, 354 günden ybarat bolupdyr. Senenama boýunça uzyn ýyl bilen senelenýän. Bu maglumatlar şu aşakdaky tablisada aýdyň görkezilýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05264 sek. ýüklenen baýt: 31917