Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Kitap biziň baýlygymyz
Ýazylan wagty: 20 августа 2019 Ýazan Mayichka
Kitaby baýlyga deňeýärler. Onuň baýlyk kemi ýok. Aslynda-ha, kitabyň gymmatyny deňäre zat tapylmasa gerek. Çünki ol dünýäniň ähli gymmatlygyny özünde jemläp bilýän gymmatlyk. Henize çenli: «Kitap okap, zyýana galdym» diýýän kişä duş gelen dälsiňiz.
Türkmenleriň kitaba, paýhas-parasada goýýan hormaty aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu barada akyldar Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Çünki kitap okan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Kalp päkligi, paýhas kämilligi, dil we duýgy baýlygy umman ýaly hazyna öwrülýär. Okamaýan adam bolsa ruhy garyplykdan ejir çekýär».
Okyjylaryň, esasan-da çagalaryň şu gymmatly baýlyga bolan höwesini artdyrmak üçin gör, nämeler edilmeýär. Türkiýäniň Çankyry şäherinde ulanyşdan galan «Airbus A 300» kysymly uçary kitaphana hökmünde ulanmagy göz öňünde tutupdyrlar. Öz şäherlerinde uçar menzili bolmasa-da, ýerli häkimligiň wekilleri ýörite Stambuldan, ulanyşdan galan uçary alypdyrlar. Kitaphana öwrülen uçaryň içi çagalar üçin oňaýly edilip dizaýn edilipdir. Çankyrynyň gubernatory geljekde uçardan başga-da gämi we otly kitaphanalaryny açmagy meýilleşdirýändiklerini habar beriş beriş serişdelerine beýan edipdir.
Okalan sany: 90   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
20 августа 2019

Golaýda Hytaýyň Şanhaý şäherinde «JW Marriott» atly belent myhmanhana gurlup ulanylmaga berlipdir. Oňa: «Aý, täze myhmanhanalaryň biridir» diýip, kän bir ähmiýet berilmezlegem mümkin. Ýöne ol gurlup ulanylmaga berlenden Ginnesiň rekordlar kitabynyň işgärleriniň ünsüni özüne çekipdir. Çünki onuň iň ýokary gatlarynyň birinde kitaphana açypdyrlar. Ol iň belent ýerde ýerleşýän kitaphana hökmünde hasaba alnypdyr. «Iki ýüz elli metr belentlikde kitaphana açmak kimiň kellesine geldikä?» diýläýmegem mümkin. Onuň jogabyny bu myhmanhananyň ýolbaşçylary nagt beripdirler. Olar şeýdip, birinjiden-ä müşderileri çekmegi göz öňünde tutupdyrlar, ikinjidenem myhmanhanada ýerleşenleriň wagtyny manyly geçirmeginiň aladasyny edipdirler. Italiýanyň Peruja şäherinde gurlan Sandro Penni adyndaky kitaphana-da islendik kişiniň ünsüni özüne çekýär. Bu kitaphana daşyndan göreniňde uçýan näbelli obýekti ýadyňa salýar. Gülgün reňkli bu kitaphana gije-gündiziň dowamynda okyjylara hyzmat edýänligi bilen-de tapawutlanýar. Iň esasy bolsa onda okyjylar üçin ähli amatly şertler döredilipdir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08062 sek. ýüklenen baýt: 31546