Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýubileý dabarasy
Ýazylan wagty: 20 августа 2019 Ýazan Mayichka
Ýubileý dabarasy
Golaýda rus nusgawy şahyry A.S.Puşkiniň 220 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp, Russiýanyň birnäçe şäherlerinde, şol sanda, ýurduň paýtagtynyň seýilgählerinde, teatrlarynda we dünýäniň köp ýurtlarynda döredijilik bäsleşikleri, konsertler guraldy, spektakllar görkezildi.
A . S . P u ş k i niň Russiýanyň paýtagt şäheriniň merkezinde ýerleşen ýadygärliginde «Janly eserler» we «Janly şahyrlar» ady bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine we ýaş şahyrlara baýrak gowşurylyş dabarasy boldy.
Şahyra bagyşlap onuň ýaşan we döreden şäherinde birnäçe döredijilik sergileri guraldy. Ýokary okuw mekdeplerinde «Puşkini okaýarys» ady bilen ýaşlaryň arasynda çeper okaýyş geçirildi. Şahyryň goýup giden baý döredijilik mirasy şu günlerde terbiýe mekdebidir.
Okalan sany: 85   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
20 августа 2019

Kitap halklary birleşdirýär Ýakynda Kiýew şäherinde IX Halkara kitap festiwaly geçirildi. Dabarany gurnaýjylaryň aýtmaklaryna görä, halkara festiwala gelip görenleriň sany 57 müňe golaýlapdyr. Bu san, geçen ýyldaka garanyňda, kitap muşdaklarynyň dört müňe golaý artandygyny görkezýär. Festiwalyň kitap tekjelerini ukrain neşirýatlarynyň diňe şu ýylda çap edilen 150-ä golaý neşir önümleri bezedi. Festiwala dünýäniň 30 ýurdundan 90-dan gowrak myhman gatnaşdy we 11 görnüşli taslama görkezildi.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05378 sek. ýüklenen baýt: 30166