Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
BAZARA GEL BAZARA
Ýazylan wagty: 22 августа 2019 Ýazan NEXTTM
BAZARA GEL BAZARA 

Aljakmy ýa satjakmy, 
Bazara gel, bazara: 
Nazly nygmat datjakmy, 
Bazara gel, bazara! 

Bazarda bardyr nogul, 
Puluň barmy, han ogul. 
Jübiňe häzir bolgul, 
Bazara gel, bazara! 

Gyz-gelinler hatar-a, 
Her kim zadyn satar-a, 
Pursat bermez ötere, 
Bazara gel, bazara! 

Her kim hödürlär zadyn, 
Tanamaz ýakyn-ýadyn, 
Sorasaň aýtmaz adyn, 
Bazara gel, bazara! 

Seçekli, al, seçekli, 
Ýaglyk bary çeçekli, 
Iýjekmi ýa içjekmi, 
Bazara gel, bazara! 

Eger-de geçse gymmat, 
Keýpiň bolar ganymat, 
Öler ada, galar at, 
Bazara gel, bazara! 

Alyp göwnüň hoş eder, 
Jübülerňi boş eder. 
Gözleriňi ýaş eder, 
Bazara gel, bazara! 

Bardyr alyp-satarlar. 
Ogry-kümsük beterler, 
Golaýlasaň üterler, 
Bazara gel, bazara! 

Gama batma, gardaşym, 
Zat doly degre-daşyň. 
Aýby ýok, biter işiň, 
Bazara gel, bazara! 

Awtory: Bäşim Gutlymyradow
Okalan sany: 119   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06478 sek. ýüklenen baýt: 33185