Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Elektron sport boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyjylary bellige almak başlandy
Ýazylan wagty: 27 августа 2019 Ýazan NEXTTM
Elektron sport boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyjylary bellige almak başlandy
 Elektron sport boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyjylary bellige almak başlandy
Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasy öz resmi saýtynda kibersport boýunça 2019/2020-nji ýyllaryň çempionatyna gatnaşjaklaryň bellige alynýandygyny habar berdi. Çempionat Dota 2, Pro Evolution Soccer we Counter-Strike: Global Offensive boýunça geçiriler.

Ýaryşyň düzgünleri we gatnaşyjylardan bildirilýän talaplar barada federasiýanyň saýtynda doly maglumat berilýär. Täze möwsümiň ýaryşlaryna 25-nji sentýabrda badalga berler we olar 15-nji oktýabra çenli dowam eder. Duşuşyklar federasiýanyň TWITCH kanalynda göni ýaýlymda görkeziler.

Ýaryşlaryň ýeňijileriniň WESG Mid Asia-nyň Gazagystanda geçiriljek saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanjakdygyny ýatladýarys. Bu ýerde biziň ildeşlerimiziň garşydaşlary Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we ýer eýeleriniň wekilleri bolar.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06819 sek. ýüklenen baýt: 30291