Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Reklama
2020-nji ýylda ter malinany önündan sargyt etmek
Ýazylan wagty: 30 августа 2019 Ýazan Radik
Hormatly 3-DAMJA-nyň müşderileri!

Biz Size sargytlaryňyz we öňünden geçirýän töleg üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Şu ýylda, Siziň deslapky sargytlaryňyz bize aşakdakylara mümkinçilik berdi:

1. Malinanyň ekinleriniň meýdanyny giňeltmäge.
2. Öňünden tölenilen malinanyň bahalaryny indiki ýyla saklamaga.
3. Biziň toparymyzy ulaltmaga.
4. Zähmet hakyny saklamaga we ähli zerur bolan serişdeler we materiallar üçin tölemäge.

Hem uly bolmadyk sargytlar, hem uly möçberli sargytlar biz üçin ägirt uly orny eýeleýär – siz bize suwuň üstünde saklanmaga we biziň gyşda eken malinamyzyň ýekeje düýbüni hem ýitirmezlige mümkinçilik berdiňiz. SIZE minnetdar!!!

Biz indiki indiki ýyla sargytlary kabul edýäris. Biz nyrhlarymyzy üýtgetmedik, malinanyň kilogrammy öňünden töleg boýunça öňküsi ýaly 1 kg üçin 70 manat. Biz müşderiniň işgärlerine Aşgabata “Paýtagt” myhmanhanasyndaky “Şokoladnisa” kafesine çenli getirip bermek üçin tölegi hasaba almakda kynçylyklary döredendigimiz sebäpli, biz töleg şertlerini biraz üýtgetdik – indi biz “Şokoladnisa” kafesine çenli getirip bermek üçin tölegi deslapky sargyt resmileşdirilende, her kilogram üçin 5 manatdan töletdireris. Bu mejbury çäre, sizden ötünç soraýarys – siziň düşünmegiňiz bize köp wagty tygşytlamaga mümkinçilik berer, töleg bolsa netijede öňküsi ýaly galýar. Ýagny, mysal üçin, şu ýylda siz malinanyň bir kilogramyu üçin 70 manat we getirip beriolmegi üçin her 5 kg 25 manat tölediňiz; indiki ýylda öňünden töleg 1 kilogram malina üçin 75 manat bolar + onuň “Şokoladnisa” kafesiniň sowadyjysyna getirilmegi.

Biziň ähligalan şertlerimiz we borçlarymyz öňküsi ýaly galýar. Biz biziň miwelerimizi ösdürip ýetişdirmegiň bütinleý organiki usullary bilen ösdürýäris, we bu prosese eýýäm köp mukdarda serişdeleri we güýçleri goýduk, bu bolsa biziň, eger Hudaý ýol berse, DIŇE BÜTINLEÝ ORGANIKI ÖNÜMÇILIK HÖKMÜNDE bolup biljekdigimizi aýdyň görkezýär. Şeýle hme, biziň birnäçe müşderilerimizň eýýäm göz ýetirişi ýaly, biz daşalan wagtynda zaýalalan ýa-da zaýalanjak bolan miwäni (kä halatlarda şeýle bolýar) indiki getirip bermekde täzesine çalşmaga çenli, siziň hiç bir belligiňizi üns bermän galdyrmarys.
Biz biziň önümimiziň müşderiler üçin has hem elýeterli bolmagy ugrunda jan edýäris, we biziň bagbançylyk hojalygymyzyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýäris. Şeýle hem biz umuman biziň ählimiz üçin ykdysady ýagdaýyň gowlanmagyna umyt edýäris, enşalla.

Ýene-de bir gezek size deslapky sargytlaryňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris!

Sargyt üçin +99365818077 belga jaň edip bilersiňiz.

Biz barada saýtymyzda görüp bilersiňiz: www.3-damja.com
Suratlarymyz bärde: www.3-damja.com/gallery
Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09105 sek. ýüklenen baýt: 31548