Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Singapur döwletinde bilim ulgamy
Ýazylan wagty: 31 августа 2019 Ýazan Mayichka
Singapur döwletinde bilim ulgamy
Türkmenistan ýakyn-u-alys ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Singapur döwleti bilen hem netijeli, dostana gatnaşyklar ýola goýulýar. Bu hyzmatdaşlyk ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamy babatynda hem berkidilýär. Iki ýurduň bilim edaralarynyň, ylym-bilim merkezleriniň arasynda ylalaşyklary baglaşmaga, gatnaşyklary ýola goýmaga üns berilýär.
Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýän Singapuryň ykdysady ösüşleriniň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny bilermenler tassyklaýarlar. Dostlukly döwletiň bilim ulgamynda ençeme özgertmeler geçirilip, ol dünýä derejesine laýyk getirildi. Häzirki wagta Singapur berilýän bilimiň hili babatda dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda hasaplanylýar.
Ýurduň bilim ulgamy birnäçe basgançakdan ybarat:
1. Çagalar bagy (3-6 ýaş aralygy).
2. Başlangyç mekdep. Öz gezeginde ol hem 6 basgançakdan ybarat (6-12 ýaş aralygy).
3. Orta mekdep. Öz gezeginde ol hem 5 basgançakdan ybarat (12-17 ýaş aralygy).
4. Hünär bilimi (Ýörite orta hünär ýa-da ýokary okuw mekdebi).
Singapuryň parlamenti 2000-nji ýylda umumy orta bilimiň hökmanydygy barada degişli resminama kabul etdi. Oňa laýyklykda, her bir çaganyň başlangyç mekdebe hökmany gatnamalydygy we bilimiň mugtdugy kesgitlendi.
Okalan sany: 110   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
31 августа 2019

Singapuryň bilim ulgamynyň artykmaçlyklary, aýratynlyklary barada şu aşakdakylary aýdyp bolar: 1. Dil taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurduň bilim kanunçylygyna laýyklykda ene diliňi öwrenmek ( döwlet dilleri hasaplanylýan malaý, taýmyl we hytaý dilleriniň haýsy-da bolsa birini) hökmany şertleriň biridir. Mundan başga-da iňlis diliniň öwrenilmegine aýratyn üns berilýär, ýurtda köp babatda bu dil giňişleýin peýdalanylýar. 2. Çuňlaşdyrylan hünär bilimi berilýär. Singapurda ýaşlara öz saýlap alan ugrundan, başarnyklaryna we mümkinçiliklerine laýyklykda çuňlaşdyrylan bilim berilýär. 3. Takyk we tebigy ylymlary ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýur duň ykdys ady ös üşi bil en bagl anyş ykda, es asan, takyk we tebigy ylymlary öwretmäge uly üns berilýär. Tehniki ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Soňky ýyllarda bu sanawa lukmançylygyň hem goşulandygyny bellemek gerek. 4. Hususy okuw mekdepleriniň giň ulgamy hereket edýär. Döwlet bilim edaralary bilen birlikde, hususy okuw mekdepleri bilimiň ähli basgançaklary boýunça hereket edýär. Olar özüniň okuw maksatnamalaryny, hünärtaýýarlygynyň ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli tagalla edýärler. 5. Bilimiň derejesi bahalandyrylýar. Ýurduň bilim ulgamynda 10 ballyk bahalandyryş ulgamy hereket edýär. Ol boýunça sanlaryň kiçi bolmagy bilim derejesiniň has-da ýokar ydygyny al amatl andyrýar. Has takygy, A1/ A2 — örän ýagşy, B3/B4 — ýagşy, C5/C6 — kanagatlanarly, D7 — synaglarda olary tabşyrmak üçin iň aşaky baha, E8/ F9 — kanagatlanarsyz. 6. Okuw wagty. Singapur mekdeplerinde okuw ir sagat 7-7:30-da başlanyp, günortan sagat 14:00 çenli dowam edýär. Arakesmelere umumylykda 30 mi nut wagt berilýär. Munuň özi günüň esasy böleginiň beýleki goşmaça okuwlara gönükdirilmegine mümkinçilik döredýär. Singapuryň ýokary okuw mekdepleri hem dünýäde uly abraýdan peýdalanýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07595 sek. ýüklenen baýt: 32894