Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Arslanmyrat Amanow: «Öňde goýlanwezipel eri ýerine ýetirmäge çalşarys»
Ýazylan wagty: 05 сентября 2019 Ýazan NEXTTM

Arslanmyrat Amanow: «Öňde goýlanwezipel eri ýerine ýetirmäge çalşarys»
Şu gün Kolombo şäherinde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Şri-Lanka bilen geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty boldy. Onda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow žurnalistleriň sowallaryna jogap berip şeýle diýdi: 

«Ilkinji nobatda myhmansöýerlik üçin Şri-Lankanyň ilatyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Ikinji aýtjak zadym, ýygyndydaky özgerişlik barada. Biziň milli ýygyndymyz täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda täze görkezmeler, täze taktikalar bilen oýnaýar. Ertirki duşuşyk üçin hem baş tälimçimiz öňümizde uly wezipeleri goýdy. Olary duşuşykda amala aşyrmaga çalşarys. Elbetde, düzümde Ruslan Mingazow, Ahmet Ataýew ýaly tejribeli futbolçylaryň bolmazlygyny ýitgi hasaplar bolar, ýöne bizde ezber ýaş futbolçylar bilen tejribeli oýunçylaryň hem ençemesi bar. Şonuň üçin hem ertirki duşuşykda bizde şikes, tejribe ýetmezçiligi barada hiç hili mesele bolmaz».
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06326 sek. ýüklenen baýt: 30314