Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Sport saglyk hem baýlykdyr
Ýazylan wagty: 05 сентября 2019 Ýazan NEXTTM

Sport
saglyk hem baýlykdyr



“Sport-saglyk” diýen sözler ýöne ýere aýdylanok. Türkmen
halky jan saglygyň adam üçin ýetdirigsiz bagtdygyna doly düşünýän halk, hut
şonuň üçin-de “Hassa şadan, sagat gul bagytlydyr” diýen ýaly atalar sözlerini
ýöne ýerden döretmändirler.  Sportyň
dürli görnüşleri öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdyp, ony kämilleşdirip biziň
günlerimize ýetiripdirler. Ýönekeý mysallara ýüzlenip göreliň. Her bir türkmen
öz oglunyň at çapmagy, suwda ýüzmegi, at üstünde gylyç tutmagy, küşt oýnamagy,
göreş tutmagy ezber ele almagyny gazanypdyrlar.



         Häzirki döwürde   Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy
netijesinde sport ulgamyny kämilleşdirmekde amala aşyrýan beýik işleri tutuş
dünýäde uly gyzyklanma döretýär.



         Spot-adamyň hereket
başarnyklaryny ösdürýär, aňyny durlaýar, işjeňligini artdyrýar, saglygyny
berkedýär. Mundan başga-da sport-dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýär,
parahatçylygy ýola goýýar. Jemgyýetçilik medeniýetlerini, edepliligi,
ynsanperwerligi, gözelligi, söýgüni terbiýeleýär.



         Hormatly Arkadagymyz  sporty ösdürmekde we kämilleşdirmekde halkara
başlangyçlary ösdürýär. Her bir halkara bähbitli başlangyçlara badalga berýär.



         Milli Liderimiziň başda
durmagy bilen BMG-niň Baş Assambileýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde
“Bütündünýä welosiped güni” baradaky Kararyny kabul etmegi oňa aýdyň mysaldyr.



         Hormatly Arkadagymyzyň ähli
ugurlarda, edil şonuň ýaly-da sport ugrundan ýokary ussatlygy ildeşlerimize
görelde mekdebidir.



         Bütündünýä saglyk gününde
köpçülikleýin welosipedli ýörişler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýär.
Welosipedli, atly we beýleki sport ugurlarynda Gahryman Arkadagymyz
ildeşlerimize görelde görkezýär.



         Gahryman Arkadagymyzyň jany
sag, ömri uzak, ähli başlangyçlary rowaç bolsun!

Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06799 sek. ýüklenen baýt: 32672