Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Iki aýakda böküp ýören geň-enaýy jandar
Ýazylan wagty: 06 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Meşhur syýahatçy Jeýms Kuk Awstraliýa ýüzüp barypdyr. Bu ýerde syýahatçy geň-enaýy jandary görýär. Bu jandar iki aýakda böküp gezýän eken. Syýahatçy ýerli ýaşaýjylardan:
– Bu näme diýip atlandyrylýar? – diýip sorapdyr.
Ýerli ýaşaýjy bolsa, onuň diline düşünmeýär, syýahatça geň galyp seredýär. Syýahatçy bu jandara elini uzadyp, ýene-de sorag berýär:
– Bu näme?
Ol adam bolsa, näme diýjegini bilmän, kibitini gysyp:
– Kan garu – diýip, jogap berýär. Ýerlileriň dilinde bu söz «Saňa düşünmedim» diýmegi aňladýar.
– Kenguru? – diýip, Jeýms Kuk geň galyp sorapdyr. Ol adam bolsa özüniň düşünmeýändigini ykrar etmek üçin baş atyp:
– Kan garu – diýip, jogap berýär.
Syýahatçy öz ýandepderçesine «Bu ýerde iki aýakda böküp ýören geň-enaýy jandar bar. Bu jandara ýerli ýaşaýjylar «kenguru» diýýärler» diýip belläpdir.
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07149 sek. ýüklenen baýt: 29442