Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Akylly gyz
Ýazylan wagty: 06 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Ir zamanda bir patyşanyň akylly gyzy bolupdyr. Ol şa gyzy bolsa-da, zenan maşgalanyň etmeli işlerini, hünärlerini oňat öwrenipdir. Haly dokamakdan, nahar bişirmekden, egin-eşikleri biçip-tikmekden başy çykypdyr. Gyzyň gözelligine kybap häsiýeti hem bolupdyr. Şonuň üçinem gyza ýurduň çar ýanyndan sawçylyga gelipdirler. Ahyr hem üç sawçyda saklanyp, olar barada gyzyň pikirini sorapdyrlar.
Gyz hem:- Şol üç ýigidiň haýsysy patyşalyga laýyk sowgat getirse, meni şoňa beräýiň--diýipdir. Gyzyň pikirini ýigitlere ýetiripdirler. Birinji ýigit bir goşawuç göwheri düwünçege düwüp getirip:
— Göwher iň gymmat zat. Patyşanyň hazynasy göwherden dolanda kuwwatly bolýar. Göwher bilen dünýäni hem satyn alyp bolýar— diýipdir. Ikinji ýigit bir bedewat getirýär-de:
— At ýigidiň ýoldaşy. Çyn bedewler göwhere, dünýäniň hiç baýlygyna çalşylmaýar. Bedew ýeňişleriň, toýlary bezegi— diýýär. Üçünji ýigit çaklaňja haltajykdan bir gysym gum çykaryp:
— Bu gum patyşahym, Watanyň bir bölegi, Watan topragy. Watan hiç wagt satylmaýar. Watansyz göwheri, bedew aty, hatda patyşalygy hem göz öňüne getirip bolmaýar. Eger Watan bolsa, göwher hem, bedew hem, patyşalyk hem
bolar— diýýär. Patyşa we onuň ýakynlary üçünji ýigidi mamla hasap edip, oňa şa gyzyny nikalap berýärler.
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05300 sek. ýüklenen baýt: 29556