Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Güýçli toparlar öňe saýlandy
Ýazylan wagty: 06 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Güýçli toparlar öňe saýlandy
     Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasyndaky sport mekdepde geçirilen kiçi futbol ýaryşynyň janköýerleri ýetik boldy. Etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de sport mekdebiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa mekdebiň okuwçy-türgenlerinden düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. 
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketlerini  ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alnyp geçirilen bu ýaryş ýaşlaryň asylly  maksada berk eýerýändigini aýdyň görkezdi. Duşuşyklaryň her biriniň çekeleşikli häsiýete eýe bolmagy we toparlaryň bir-birinden owadan oýun görkezmegi şeýle diýmäge esas döredýär.
Sport mekdebiň futbol tälimçisi M.Meýdanowyň türgenleşdirýän okuwçylarynyň ýaryşa has oňat taýýarlyklar bilen gelendigi duşuşyklaryň dowamynda mese-mälim duýuldy.  Onuň tälim berýän toparynyň agzalary garşydaş toparlarynyň ählisinden üstün çykyp, ýaryşyň ýeňijisi boldy. ýaryşda ikinji orny futbol tälimçisi M.Mommadowyň okuwçy-türgenleri ikinji, futbol tälimçisi S. Gaýybowyň okuwçy-türgenleri üçünji orunlary eýeledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanan ýaryşda  ýeňiji bolan toparlara sport mekdebiň hormat hatlary gowşuryldy.

Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06306 sek. ýüklenen baýt: 30080