Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ahal welaýatynda ýerleşyän «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary.
Ýazylan wagty: 06 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Ahal welaýatynda ýerleşyän «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary.

         Ahal welaýatynda ýerleşyän, Köpetdagyň gözel künjini  mesgen edinen «Arçman» şypahanasy diýlende, ilkinji nobatda onuň melhemli gujagynda dynç alyp, derdine şypa tapynanlaryň aňynda arassa dag howasy hem-de jana şypaly suwyny mysal getirmek bolar. Hazirki wagtda bolsa Zeminiň tebigatyň rysgyndan biziň paýymyza düşen bereketli bu böleginden netijeli peýdalanmak maksady bilen, deňiz derejesinden 160 metrden gowrak beýiklikde Köpetdagyň demirgazyk eteginde ýerleşen şypahana düzümine degişli döwrebap köp gatly binalar bu ýerde öz kaddyny dikeltdi. Ol ýerde bolsa maslahat beriş – anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejermek işleri ýokary derejede ýola goýlan. Esasan hem bu şypahana deri kesellerinden, iýmit-siňdiriş, ýürek – damar we nerw ulgamy we daýanç – hereket ediş ulgamlarynyň kesellerinden ejir çekýän adamlary bejermäge ýöriteleşdirlendir. Mundan başga-da bu ýerde döwrebap enjamlaryň hyzmaty netijesinde bejermegiň mehanoterapiýa we yşyk bilen bejeriş, elertoson we magnitoterapiýa, iňňeler bilen bejeriş hem-de dersenwal tolkunlary, parafin şöhleli wannalar görnüşinde bejeriş işleri geçirilýar. Iň esasy hem şeýle mümkinçilikleri bilen tebigatyň iň bir gözel künjeginde ýerleşýän, barsaň ruhyňy göterýän bu şypahananyň goýny ýylyň islendik paslynda halkyň ygtyýarynda.
«Ýyly suw» şypahanasy-da adyndan belli bolşy ýaly, özüniň tebigy çeşmeleriniň bejeriş häsiýetliligi bilen hemmä bellidir. Durky tazelenen şu şypahananyň açylyş dabarasy hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda boldy. «Ýyly suw» şypahanasy döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bu binanyň birbada 80 adamyny kabul edip bilýandigin hem nygtap geçmek gerek. Şypahananyň esasy aýratynlygy bu ýerde ýerastyndan çykýan 46 gradus derejeli gyzgynlykda kükürtli suwlaryn kömegi bilen daýanç – hereket ediş ulgamynyň, nerw periferiýa we endokrin ulgamynyň bozulmagy bilen bagly bolan dürli keselleriň bejerilýandigindedir.

Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09880 sek. ýüklenen baýt: 31076