Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy
Ýazylan wagty: 06 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Mukamlar köşgünde  ýurduň baş baýramynyň - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda zehinli çagalaryň arasynda geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bäsleşikde tapawutlanan ýaş ýerine ýetirijileri sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Aşgabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Serdarmyrat Ataýewiç Abakow;

Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Hommat Hudaýnazarow; 

Balkan welaýatynyň Hazar şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mähriban Annadurdyýewna Annaýewa; 

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Eziz Tagandurdyýewiç Taganow; 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şamuhammet Nizamjanowiç Baltaýew;

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Didar Aşyrberdiýewiç Aşyrberdiýew  “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we noutbuk kompýuterleri bilen sylaglanyldy hem-de olara bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy.  

Şeýle hem  Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň  jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06719 sek. ýüklenen baýt: 30853