Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Ýazylan wagty: 06 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidenti “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda,

ýustisiýanyň geňeşçisi Muhammetoraz Kakalyýewiç Gurbanowy Lebap welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly,

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Aýly Ýusupguliýewiç Orazowy Ahal welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly,

ýustisiýanyň geňeşçisi Baýrambaý Ýagmyrowy Lebap welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly.
***
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

1-nji derejeli ýurist Arazgeldi Aşyrdurdyýewiç Ataýew Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Oraz Osmanowiç Hojaýew Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Nedirguly Orazgulyýewiç Allanazarow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Artur Otuzowiç Hojamedow Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Nurmuhammet Meretseýidowiç Saparlyýew Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Daňatar Kerimowiç Mädenow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begenç Orazgeldiýewiç Orazgeldiýew Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Mämetjan Ýagşygeldiýewiç Baýramklyçow Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň  kiçi geňeşçisi Meret Annaberdiýewiç Meredow Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Ýusup Jumanazarowiç Meredow Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. 

Bular barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09055 sek. ýüklenen baýt: 33877