Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Türkmen edermen” medaly dörediler
Ýazylan wagty: 06 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
“Türkmen edermen” medaly dörediler
“Türkmen edermen” medaly dörediler
Düýün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemine garaldy. Şeýle-de, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezmä harby okuw-türgenleşigine gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde (05.09.2019) habar berlişine görä, mejlisiň gün tertibine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralarda alnyp barylýan işler, düzümleri sanly ulgama geçirmekde toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirlişi baradaky  hasabatlar diňlenildi. Şeýle-de, ýurduň prokuratura edaralaryna ýolbaşçylary bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly degişli resminamalara gol çekildi.  
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna “Türkmen edermen” medalyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamak we ony Mejlise hödürlemek bilen bagly zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm weziplere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06554 sek. ýüklenen baýt: 30571