Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyryny Şri-Lanka garşy ýeňiş bilen başlady
Ýazylan wagty: 06 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyryny Şri-Lanka garşy ýeňiş bilen başlady
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyryny Şri-Lanka garşy ýeňiş bilen başlady
 Şri-Lanka döwletiniň Kolombo şäherindäki «Reýskors» stadionynda ýerli ýygyndy topar bilen geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň futbol ýygyndysy üçin 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň badalgasyna öwrüldi. Bu duşuşykda türkmen futbolçylary ajaýyp ýeňiş gazandylar. Olar myhmançylykda çykyş edýändigine garamazdan, Şri-Lankanyň ýygyndysyny jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňdiler.

Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň şägirtleriniň ilkinji pökgüsini duşuşygyň 8-nji minudynda hüjümçi Wahyt Orazsähedow geçirdi. Ikinji pökgini bolsa 54-nji minutda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow öz adyna ýazdyrdy.

Türkmen futbolçylarynyň ýaryşýan «H» toparçasyndaky beýleki bir duşuşykda Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň futbol ýygyndysy liwanly futbolçylardan edil şu hasap bilen üstün çykdy. Toparçadaky iň güýçli garşydaşymyz bolan Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bolsa birinji tapgyryň duşuşyklaryny goýberdi.

Şeýlelikde, birinji tapgyrdan soň biziň ildeşlerimiz KHDR-nyň ýygyndysy bilen birlikde 3 utuk bilen toparçanyň başyny çekýär. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy saýlama tapgyrdaky ikinji duşuşygyny Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyk 10-njy sentýabrda Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda bolar.
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06167 sek. ýüklenen baýt: 30941