Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Dilin derdinden
Ýazylan wagty: 07 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Aşygam, saklana bilmen
Saýraýan diliň derdinden;
Bilbilem, uklaýa bilmen
Gyrmyzy gülüň derdinden.

Sen Şasenem, men şasuwar,
Garybyň men, kyl istiwar,
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.

Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýollaryň,
Näzikdir inçe billeriň,
Sallanan goluň derdinden.

Ýagşyny ýasan ussalar,
Pähm etmez akly gysgalar,
Galar gadymky nusgalar,
Hünärli goluň derdinden.

Armanam — öpüp, guçmadym,
Golundan şerap içmedim,
Ölinçäm sana geçmedim,
Bir ýyrtyk juluň derdinden.

Çagyrsam, asyl gelmer sen,
Gelseň-de, oýnap-gülmer sen,
Ne boldy, habar almar sen
Kemine guluň derdinden!

Kemine
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07565 sek. ýüklenen baýt: 29248