Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Bilen barmy
Ýazylan wagty: 09 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Eý ýaranlar, halaýyklar,
Bu derdimden bilen barmy?
Yşkyň ody ýaman janlar,
Garyp köňlüm alan barmy?

Ir düşüpdir gyşyň, ýazyň,
Sonaly ördekli gazyň,
Hally bilen Aman gyzyň
Obasyndan gelen barmy?

Ak ýüzünde haly kiçi,
Syýadan garadyr saçy,
Şu oturan uly-kiçi,
Bu sözümde ýalan barmy?

Jerenim awlatdym düzden,
Ganly ýaşym akar gözden,
Heý habaryň barmy bizden,
Gara bagrym dilen barmy?

Gerdeniňde biten güller,
Gyldan näzik inçe biller,
Bilezikli ap-ak gollar,
Dolap goýna salan barmy?

Mätäji diýr, boldum geda,
Ýar ýolunda janym pida,
Ahyrynda berse huda,
Söwdügini alan barmy?
Mätäji
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08341 sek. ýüklenen baýt: 29203