Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
«Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlanyldy
Ýazylan wagty: 11 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Ýurdumyzda «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlanyldy. Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde bu Kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparyna ýolbaşçylyk edýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, eýeçiligiň hemme görnüşleriniň aragatnaşyk ulgamlary kibergoraglylyga degişlidir. Şolarda milli maglumat serişdeleri işlenilýär hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de harby birikmeleriň bähbitlerine, elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron täjirçiligi, elektron resminama dolanyşygy ulgamlarynda peýdalanylýar. Şeýle hem degişli maglumat düzüminiň desgalary kibergoraglylyga degişlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan hukuknamanyň baş maksady milli «kiberözbaşdaklygy» goramakdan ybaratdyr. Resminama strategik taýdan möhüm pudaklarda maglumat düzüminiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünini we iş aýratynlygyny kesgitleýär. Kanun ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryň talaplaryna laýyk gelýär.
Türkmen Lideri ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, bähbitlerini goramak, ulgamdaky howpsuzlyga degişli howplaryň öňüni almak hem-de jemgyýetçilik düzgün-tertibini, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek üçin «Kiberhowpsuzlyk hakynda» kanunyň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti kiberhowpsuzlygyň netijeli ulgamyny işläp taýýarlamak üçin hukuk esaslaryny we mümkinçilikleri döretmegiň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutany hödürlenen kanunçylyk namasyny makullap, oňa gol çekdi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, MHM-nyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08029 sek. ýüklenen baýt: 30653