Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Peýdaly maslahatlar
Ýazylan wagty: 12 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Eger-de siz kofäni köp içýän bolsaňyz, onda onuň yz ýanyndan
peýnir bölegini, banan iýmek ýa-
da bir bulgur süýt içmek maslahat
berilýär. Çünki bu önümler kofe
içgisiniň zeper ýetirýän elektrolizleriniň deňagramlylygyny saklamaga ýardam edýär.
* * *
Aýakgabyňyzdaky ýakymsyz
ysy aýyrmak isleseňiz, köwşüňiziň
içine ýörite haltajyklardaky atym
çaýyndan salyp goýaýyň.
* * *
Öýjükli telefonyňyzy dessine
işletmek zerurlygy ýüze çyksa,
onuň «Uçarda» atly hyzmatyny
ýakyp, güýç beriň, ol onuň çalt
elektrik güýç almagyna ýardam
eder.
* * *
Eger-de siz mikrotolkun pejinde iýmit gyzdyrmak isleseňiz,
onda iýmiti halka görnüşinde
ýerleşdiriň, bu onuň deň derejede gyzmagyna kömek eder.
* * *
Mikrotolkun pejinde gyzdyran pissaňyz köp halatlarda
çeýnemäge kynçylyk dö­
redýär. Şonuň üçin hem mikrotolkun
pejine pissanyň ýany bilen 1 bulgur
suw salyp, soňra gyzdyrmak maslahat berilýär.
* * *
Mikrotolkun pejinde nahar gyzdyrylanda, kähalatlarda ol syçra­
ýar we ýakymsyz yslary döredýär.
Munuň üçin öl esgini mikrotolkun
pejiniň içine salyp, 1 minut işletmek
maslahat berilýär. Bug bilen enjamyň içindäki ýaglar we iýmit galyndylary ereýär. Soňra şol öl esgi bilen
mikrotolkun pejiniň içini süpüräý­
mek galýar.
* * *
Birinji gatda ýaşaýan adamlaryň
öýünde, köplenç halatlarda, howanyň maýlamagy bilen ownuk mör-
möjekler peýda bolýar. Eger-de
hepdede bir gezek öýüň ähli ýerini
sirke garylan suw bilen ýuwup çyksaňyz, dürli mör-möjekleriň döremeginiň öňüni alar.
* * *
Kesilen miweleriň goňurlaşmazlygy üçin limon ýada ary balyna
garylan suwy çalmakdyr. Limon suwundaky C witamini we balyň
düzümindäki peptid reň­
kiniň garalmagyna sebäp bolýan
oksid täsirleşmesini togtadýar.
* * *
Çorbanyň ýüzündäki ýagy köp
bolan halatynda, ony azaltmak üçin
içine bir-iki buz bölejigini taşlamaly.
Sowuk buz eräp ýaglary kenarlara
itýär. Netijede, çemçe bilen isledigi­
ňizçe aýyrmak oňaýly.
* * *
Ýumurtgalaryň gabygyny aňsatlyk bilen aýyrmak üçin gaýnap duran suwa bir nahar çemçe gabartma
sodasy ýada sirke goşmak ýeterlidir.
* * *
Okalan sany: 94   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 сентября 2019

Gapdaky suwuk naharlaryňyz gaýnap çogmazlygy üçin agzyna kese şekilde tagtadan ýasalan çemçe ýerleşdiriň. Munuň sebäbi tagtadan ýasalan çemçe buglary demir çemçeden birnäçe esse köp özüne siňdirmegi başarýar we gyzgynlygy az wagt hem bolsa deňagramlylykda saklaýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07343 sek. ýüklenen baýt: 31834