Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gaýnan suwlary uzak wagtlap gyzgyn saklamak üçin niýetlenen termos
Ýazylan wagty: 12 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Suwy gaýnatmak we gaýnan suwlary
uzak wagtlap gyzgyn saklamak üçin niýetlenen
termos enjamy 1892-nji ýylda iňlis alymy Jeýms Dýuar
tarapyndan oýlanyp tapyldy. Ol ilkibaşda bu gaby
özüniň barlaghanasynda himiki barlag geçirende
ulanypdyr. Termos sözüniň asyl manysy gadymy grek
sözünden gelip çykyp, «Therme», ýagny gyzgyn diý­
mekligi aňladypdyr. Dýuar gyzgynlyk derejesi pes bolan gazlary uzak wagtlap termosda saklap, suwuk kislorody emele getirmegiň ýollaryny öwrenipdir. Enjam
iç-içine dakylan iki sany çüýşe gapdan ybarat bolup,
iki çüýşäniň aralygynda wakumly boşluk ýerleşdirilipdir. Aýna silinderiniň daşy metal ýa-da plastik bilen
örtülipdir. Üstki bölegi bolsa, gyzgynlygy saklamak üçin
gapakdan ybarat bolupdyr. Bu aşhana guraly ilkinji gezek
J.Dýuar tarapyndan öndürilse-de, enjamyň oýlap tapyjylygyny tassyklaýan hiç hili maglumat bolmandyr. Uzak wagtlap ýylylygy saklap
bilýän enjamdan habarly bolan nemes aýna öndürijisi Raýnhold Burger ony bazara satuwa çykarmak üçin önüm hakynda tassyknama
alýar. Ony 1904-nji ýylda täze önümçilik kärhanasynda «Thermos» — termos ady bilen tanadýar. Ondan soňra Wenadan Gustaw Robert Paalen hem termosy öý usulynda ulanmak maksady bilen enjamyň oňaý­
ly görnüşlerini oýlap tapýar. Barlaghanalarda ylmy işler üçin ulanylan
önüm, soň-soňlar aşhana enjamy bolup, öý hojalygynda ulanylyşa girýär.
El termosy
Täze tehnikanyň peýda bolmagy bilen täze-täze pikirler ornaşyp başlaýar.
Köp sanly önüm öndürýän kärhanalar, dizaýnerler tarapyndan termosyň ähli
ýaşdaky adamlar üçin niýetlenen dürli şekildäki, ölçegdäki görnüşleriniň nusgasy
öndürilip başlanýar. Olardan iň kiçisi we ýönekeýjesi — el termosydyr. Elde götermäge
oňaýly bolan bu termosy ýantorbaňda ýa-da elde götermek, ulagda goýmak, gezelenje ýa-da ýörişe gideniňde ýanyň bilen alyp gitmek mümkinçiligi bar. Bir adam üçin
niýetlenilen bu termosa, köplenç, kofe we çaý salnyp ulanylýar.
Okalan sany: 139   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 сентября 2019

Termopot Termopot häzirki zaman tehnologiýalarynyň arasynda öndürilýän täze aşhana enjamlarynyň biridir. Öňkülere garanyňda, özüniň ýerine ýetiriş işi boýunça döwrebaplaşan bu aşhana enjamy häzirki wagtda öý bikeleriniň işini has-da ýe­ ňilleşdirdi. Termopot — bu elektrik suw gyzdyryjy, gaýnadyjy enjam bolup, özünde köp mukdarda suw saklaýar. Bu aşhana enjamy ýokary derejede döwrebaplaşdyrylandyr, termopotyň işleýjiligini birnäçe düwmejigiň kömegi bilen sazlap bolýar. Enjam gaýnan suwy belli bir gyzgynlykda saklaýar, ony täzeden gaýnatmaklygyň geregi bolmaýar. Ol yzygiderli işläp dursa-da, elektrik toguny köp sarp etmeýär. Mundan başga-da, termopotda düýbünde ýygnalan çökündileri özünde saklaýan süzgüç ýa-da olary arassalap dökýän ýörite düwmejik ýerleşdirilendir. Şol düwmejik arkaly termopotyň içinde ýygnanan çökündileri ýeňillik bilen arassalap bolýar. Elektrik termopotyň 2 — 3 hem-de 4 — 5 litr suw mukdaryny saklaýan görnüşleri bardyr. Bu enjamda suwuň gaýnadylmagy üçin 10 — 15 minut ýeterlikdir. Ondan suw alynandan soňra üstüne hökmany derejede bellenilen ýere çenli suw guýmalydyr. Häzirki zaman bu elektrik enjamy «Panasonic», «Scarlett», «Bosch» ýaly meşhur kärhanalar tarapyndan öndürilýär. Şeýle döwrebap enjamlaryň öndürilmegi, gelen myhmany garaşdyrmazdan, dessine çaý hödür etmegiňize ýardam eder.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06082 sek. ýüklenen baýt: 33059