Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ža­de­it da­şy­
Ýazylan wagty: 12 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Žadeit
Asyllylygy özünde jemleýän daşlaryň ýene biri
ža­de­it­dir. Ža­de­it da­şy­nyň ýe­ di müň ýyl­ lyk ta­ry­hy bolup, ol geçmişde iň bir gymmatly hem-de köne daşlaryň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Ža­de­it da­şy esa­san hem, Hy­ taý
we Latyn Amerikasy halklarynyň medeniýetlerinde
meş­hur­dyr. Ža­ de­it sö­zi is­ pan­ça­dan ter­ji­me edi­ len­de,
«gamgynlygyň daşy» diýen manyny aňladypdyr. Hytaýçadan terjime edilende bolsa, «jennet» diýmekligi
aňladypdyr. Owadanlygy, ýönekeýligi bilen tanalýan
bu daş, başga daşlardan gurluşy taýdan hem tapawutlanýandyr. Onuň bejerijilik ukyby hem bolup, böwrek, gara bagyr hem-de dalak kesellerinde ulanylýanlygy mälimdir.
Ža­de­it da­şy­nyň iki dür­li gör­nüş­li bo­lup, bi­ ri­si du­ ry
ýaşyl reňklidir. Beýlekisi bolsa, mele öwüşginliligi bilen
ta­pa­wut­lan­ýar. Ža­ de­it beý­ le­ki kris­tal mad­da­la­ra gö­
rä, iň gymmat hem-de seýrek duş gelýänligi üçin ol
baş­ga­ça, «Im­pe­ri­al Ža­de­it» diý­lip at­ lan­dy­ry­lyp, reň­ki
zü­ mer­ret ýa­ şy­ly­dyr. Ža­de­it da­şy özü­ niň berk­li­gi, güýç­
lüligi bilen ilkinji gezek ýarag ýasamakda ulanylypdyr.
Ža­de­it da­şy­nyň me­ le öwüs­ýän gör­nü­şi köp duş gel­
ýän daşlaryň hataryna goşulyp, ol ýumşaklygy bilen
meş­hur­dyr. Esa­ san hem, ža­ de­it da­ şy­nyň me­ le öwüs­
ýän görnüşi hytaý medeniýetinde duş gelýän gymmatbahaly daşlaryň biri hasaplanylýar. Arheologik
barlaglaryň netijesinde, alymlaryň aýtmagyna görä,
ha­ky­ky ža­de­it da­şy­nyň gor­la­ry Hy­taý­da ýok­dur.
Gadymy rowaýatlara görä, ynsanlar ýabany haý­
wan­lar­dan go­ran­mak üçin ža­ de­it da­ şyn­dan ýa­ sa­lan
paltalary we naýzalary ulanypdyrlar. Seljerme arkaly ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­ rä, ža­de­it da­ şy­nyň gur­lu­şy
örän ajaýyp bolup, onuň adam bedenine täsiri örän
güýçli hasaplanylýar. Esasan hem, böwregi, bagry,
dalagy arassalamak üçin ulanylýan ýeke-täk serişdeleriň biri hasaplanylýandyr. Şeýle-de süňk, bogun agyrylary üçin hem ulanylýandyr.
Okalan sany: 85   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 сентября 2019

Ža­de­it da­şy­na ni­ re­ler­de duş gel­ mek bol­ ýar?! Ža­de­it daşyna dag gaýalarynyň arasynda, derýa we deňiz ýakalarynda, esasan hem, tegelek şekilli çagyl daş­ larynyň arasynda duş gelmek bolýar. Onuň ownuk kristal bölejikleri bolsa Täze Zelandiýadan tapylypdyr. Bu daşyň biziň günlerimize çenli gelip ýeten gorlaryna bolsa, Awstraliýada, Braziliýada, Kanadada, Russiýada, Taýwanda, Afrikada hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda duş gelmek bolýar. Hä­zir­ki wagt­da ža­de­it da­ şyn­dan gül­ le­riň ýa-da haýwanlaryň şekilinde owadan öý bezegleri hem ýasalýar. Bu owadan öý bezegleri, esasan hem, Hytaý, Gonkong, Taýwan ýaly ýurtlarda meşhurdyr. Ža­de­it da­ şyn­dan ýa­ sa­lan be­ zeg­ler öý­le­re aý­ra­tyn bezeg berýä


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09768 sek. ýüklenen baýt: 32272