Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Edýän işiňizden lezzet alyň
Ýazylan wagty: 13 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Edýän işiňizden lezzet alyň!
Her bir ynsan öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin yhlas edýär. Durmuşda
halaýan hünäriňizi saýlap alan bolsaňyz, siz bagtlysyňyz. Surat çekmek, aýdym
aýtmak, el işleri bilen meşgullanmak ýaly endigimiz her birimize mahsusdyr. Iş­
leýän işiňizden ruhy lezzet alyp bilýän bolsaňyz, onda siz bagtlysyňyz. Her bir
amal etjek işleriňizi akylly-başly meýilleşdirmegi başaryň. Diňe oňaraýjak işleri­
ňize baş goşuň. Eden işiňize täzeden göz gezdirip, seljermegi unutmaň. Hiç wagt
umytsyz bolmaň. Ýagşy niýetli, çyn yhlasly adam irde-giçde maksadyna ýetýändir. Maksadyna, arzuwyna ýeten her bir ynsan bolsa bagtlydyr. Bagt gözellikdir,
oňa mynasyp bolup ýaşamak üçin özümiz hem kalbymyz gözel bolmalydyr.
Ýakynlaryňyza öz duýgularyňyzy aýan edip, ýüregiňizi giňeldiň! Söýgüde
gabanjaňlyk, öýke-kine ýaly duýgularyňyzy aýan etmezlige çalşyň! Söýmek
hem söýülmek uly bagtdyr. Şol bagtyň lezzetini duýup ýaşamagy başarsaňyz,
siz bagtly ynsanlaryň biri bolarsyňyz.
«Ýalňyş hereket etdim» diýip, özüňizi köteklemäň! Ýalnyşmaýan adam, iş
etmeýän adam diýmekdir. Puşman etmezlik üçin durmuşdaky kynçylyklardan
oýlanyşykly baş alyp çykmagy başaryň. Eden işiňizi täzeden gözden geçirip,
ony düzetmäge çalşyň! Durmuşda ýalňyşmaýan adam ýok, esasy zat, ony wagtynda düzetmek.
Okalan sany: 98   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 сентября 2019

Keýpiçaglyk hemişe hemraňyz bolsun! «Bu gün keýpim ýok» diýip, ruhdan düşmäň, fziki işjeňlik, deň-duşlaryňyz bilen gowy görýän ýerleriňize gezelenje çykmak size keýpiçaglyk bagyşlar. Aý­ dym diňlemek keýpsizligi ýeňip geçmegiň iň ýeňil ýoludyr. Gowy görýän aý­ dymlaryňyzy ýazga geçirip, keýpsiz wagtyňyz diňlemegi endik ediniň! Ýylgyryş gaýgy-gussadan halas edýär. Şeýle-de dost-ýarlaryňyz bilen gürrüň etmek keýpsizligiňizi ýeňip geçmäge goldaw bolar. Hiç bolmanda ýakynlaryňyz bilen telefon arkaly gürleşmek hem size ruhy goldawdyr. Gowy gören zadyňyzy iý­ mek siziň keýpiňizi çag eder. Gülmegiň ömri uzaldýandygyny hemmämiz bilýäris. Gülküli flmlere toma­ şa etmek hem size şadyýanlyk eçiler. Günüň dowamynda begençli wakalary ýatlamagy endik ediniň. Sagdyn durmuş bagta alyp barýar. Dynç almak ynsan bedenine rahatlyk berýär. Uky iň gowy dermandyr. Her biriňiziň kalbyňyz söýgüden dolup dursun! Çünki ýaşaýyş söýgi bilen gözeldir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05949 sek. ýüklenen baýt: 31857