Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Kelle beýnisindäki çişleri aýyrmak boýunça operasiýany geçirmek howplumy
Ýazylan wagty: 13 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Kelle beýnisindäki çişleri aýyrmak
boýunça operasiýany geçirmek howplumy? 2. Operasiýa edip,
epilepsiýanyň ojagyny aýryp bolýarmy?».

— 1. Kelle beýnisiniň howply täze döremeleri iň agyr onkologiki kesel bolup, olary operasiýa edip aýyrmak howpludyr, ýeňil däldir.
Şeýle operasiýanyň netijesi we howplulyk derejesi:
• täze döremäniň kelle beýnisinde ýerleşen ýerine (hereket
ediş, gepleýiş, görüş, eşidiş, ys alyş ýa-da deňagramlylyk merkezleri);
• göwrümine (çiş näçe uly bolsa, howp şonça-da ýokarlanýar);
• täze döremäniň howplulyk derejesini anyklamak maksady bilen geçirilýän gistologiki barlagyň netijesine bagly bolup durýar.
Kelle beýnisiniň howply täze döremelerinde operatiw bejergini,
şöhle bejergisini, himiki bejergini öz içine alýan toplumlaýyn bejeriş
geçirilýär.
Okalan sany: 126   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 сентября 2019

Howply täze döremelerde çiş gysga wagtda örän çalt ulalyp, ýanaşyk ýerleşen agzalara we dokumalara ýaýraýar. Şol bir wagtda sebitleýin ýerleşen limfa mäzleri hem ulalýar, agyry güýçlenýär. Näsag ysgyndan gaçýar, horlanýar, işdäsi peselýär. Boýunda çiş dörände ilkinji nobatda maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman çişi gözden geçirýär, syrkawyň gyzgynyny ölçeýär, öýkenini diňleýär. Boýundaky çişleriň gaýnaglama hadysalarynyň netijesinde emele gelendigi anyklananda bakteriýalara garşy bejeriş bellenilýär. Eger boýundaky çiş iriňlän bolsa, onda syrkaw hirurgyň ýanyna barmaga gönükdirilýär. Bu ýagdaýda hirurg iriňi aýyrmak üçin punksi­ ýa geçirýär. Bejeriş 1 hepdäniň dowamynda netije bermedik ýagdaý­ larynda onkolog lukman bilen maslahatlaşmaga zerurlyk ýüze çykýar. Hünärmen çişden alnan dokumanyň gistologiýa we sitologiýa barlaglarynyň esasynda çişiň häsiýetini anyklaýar hem-de konserwatiw ýa- da operatiw bejeriş belleýär. Boýun çişleriniň käbirinde konserwatiw, şöhle, himiýa, hirurgiki bejeriş usullaryny öz içine alýan toplumlaýyn bejergi geçirilýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08715 sek. ýüklenen baýt: 31651