Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TÝL ― 2019: «Aşgabat» bilen «Köpetdag» garşydaşlaryny ýene-de ýeňdi
Ýazylan wagty: 14 сентября 2019 Ýazan NEXTTM

TÝL ― 2019: «Aşgabat» bilen «Köpetdag» garşydaşlaryny ýene-de ýeňdi
Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynda «Nebitçi» ― «Köpetdag» (0:2) we «Aşgabat» ― «Merw» (2:1) duşuşyklary geçirildi. Şeýlelikde, Ýokary liganyň şu möwsümindäki hut şu duşuşyklar bilen bagly täsin bir ýagdaý ýüze çykdy.

Mälim bolşy ýaly, üçünji aýlaw ýarpylandy. Ýöne yzda galan iki aýlawda hem «Aşgabat» bilen «Köpetdag» «Nebitçi» bilen «Merwden» üstün çykypdy. Özi hem öz meýdanynda-da, myhmançylykda-da.

Habarymyz has aýdyňlaşar ýaly, anyk maglumatlara salgylanalyň.

1-nji aýlaw, 4-nji tapgyr:

“Nebitçi” – “Köpetdag” – 1:0

Gol: Akmämmet Metdäýew 90+3

“Aşgabat” – “Merw” – 1:0

Gol: 43 Güýçmyrat Annagulyýew 43.

2-nji aýlaw, 11-nji tapgyr:

“Merw” – “Aşgabat” – 1:2

Gollar: Begenç Alamow 79 (11 m.j.u.) ― Döwlet Döwletmyradow 36 (öz derwezesine), (Orazberdi Myradow 64).

 “Köpetdag” – “Nebitçi” – 1:0

Gollar: Batyrgylyç Berdiýew 20.

Bu gezekki duşuşyklaryň netijesi bolsa özüňize mälim.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06200 sek. ýüklenen baýt: 32128