Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmen türgenleri 8 aýda halkara ýaryşlarda 186 medal gazandylar
Ýazylan wagty: 16 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Türkmen türgenleri 8 aýda halkara ýaryşlarda 186 medal gazandylar
Şu ýylyň 8 aýynyň dowamynda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty hem-de olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy.

Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna, Aşgabatda geçiriljek sambo we welotrek boýunça dünýä çempionatlaryna hem-de futzal boýunça Aziýa çempionatyna düýpli taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär.

Degişli döwürde türkmen türgenleri dürli derejeli halkara ýaryşlarynyň
121-sine gatnaşyp, jemi 186 medal (68 altyn, 57 kümüş we 61 bürünç) gazandylar.

Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji sentýabrdaky mejlisinde habar berildi.    
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07106 sek. ýüklenen baýt: 30233