Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmen tazysy
Ýazylan wagty: 16 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Türkmen tazysy
Türkmen bedewi ýaly, onuň elguşdyr tazysy hem şan-şöhraty bilen tanalýar. Olar dürli ýaryşlara gatnaşyp, uly baýraklara mynasyp bolýarlar.
Türkmen tazylarynyň guýrugynda beýlekilere garanda ýeňil, çalaja görünýän seçegi bar, kellesi süýri, gulaklary uzyn hem seçeklidir. Örän çeýe, gözleri uly, ýanyp durandyr we adatdan daşary nuranadyr.
Elguş bilen awa çykylanda awçyny tazysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Aslynda, ýer ýüzündäki aw itleri üç topara bölünýär. Birinji topar — kowgy itleri. Ikinji topar — awçy-yzçy itler. Üçünji topar uran awuny getirip berýän itlerdir.
Tazy ortaça 5-den 7-ä çenli güjük berýär. Güjükler 4 aýlyk bolansoň, aw öwredilip başlanýar. Tazy awda eýesine sekiz-dokuz ýyl hyzmat edip bilýär. Umuman, tazynyň ömrüniň dowamlylygy ortaça on üç-on bäş ýyldyr. Gara we gök reňkli tazylar iň ýyndam we çydamly diýlip hasaplanylýar. «Gök tazy kowsa, towşan büdürär» diýen sözüň asyl manysynda şol reňkdäki tazynyň gaty ýyndamlygy mazamlanýar. Tazy aw wagtynda sagatda ortaça 60-65 kilometr ýol geçýär. Ýöne awda it üçin iň gerekli zat tebigy üşügi. Eger-de towşan depeden aşyp, tazynyň gözünden ýitse, onda tazy ýokarda uçup barýan elguşuň hereketinden towşanyň haýsy tarapa gaçýandygyny bilýär.
Tazyny saklamagyň özüne ýetik hysyrdylary bolýar. Ýaş wagty iňňän gowy idetmeli. Taza hiç wagt çig et bermeli däl. Eger güjük çig et iýmäni öwrense, öz tutan awuna derrew agyz urýar. Aw meýdanynda mürüşgär agşamlyk goşa dolanyp gelensoň, aýratyn gazan ataryp, tutan towşanynyň iç goşuny tazy üçin ýörite bişirýär. Awçy özi naharlanmazdan ozal ilki bilen taza ýal bermelidir...
Eger-de şol endigi bozup, ilki özüň naharlansaň, agyzdan galan naharlary taza besreň, ertesi itiň aw bilen kän höwesi bolmaýar.
Okalan sany: 103   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
17 сентября 2019

Türkmeniň «Eýesi gapyrga iýer, tazy öýken» diýen sözi şunuň üçin dörän bolmaly. Türkmen bir-ä tazysyny, birem düýesini hiç wagt seýislemeýär. Sebäbi tazy elmydama özüni seýis saklaýar. Bir tazy aw wagtynda 2—3 aşagynda ylgap aw tutmaga ýetişýär. Aw möwsüminde ylgamagy üçin taza günde bir gezek ýal beriýär. Ýaş tazylar uly ýaşly tazynyň gapdaly bilen awa salynýar. Eger-de iki sany uly ýaşly tazy bir guşuň aşagyndan awa salynsa, onda olar tutan towşanlaryny bir-birinden gabanyp awy bozýarlar. Taza ýörite jul hem geýdirilýär. Tazy tebigaty boýunça gaty üşek haýwan. Şonuň üçinem jul deriden ýa-da keçeden tikilýär. Türkmeniň tazy hakynda aýdanlary kändir. Türkmeniň tazy hakynda aýdan gürrüňleri kändir. Eger tazynyň guýrugynyň aşagyndaky tüýleri ösgün bolsa, onda ol tazynyň ýyndamlygy göwün diýeniň bolmaýar. Eger-de tazynyň gulagyndaky tüýler sallanyp dursa, şol tzy aw etmäge gaty ezber çalasyn hasaplanýar. Şonuň üçinem, türkmen «Seçeklini sähra kow, (ýagny, öýüňde saklama), gulpaklyny edinjek bol» diýýär. Aw wagtynda her hili ýagdaý gabat gelýär. Aw tutulandan soň çöl towşany yzky aýaklarynyň batly urgusy bilen elguşyň ganat-guýrugyny zaýalap bilýär. Öwrendikli tazy beýle ýagdaý bolmazlygy üçin baryp towşanyň biloňurgasyny penjeläp döwüp berýär. Tazynyň bu häsiýeti ýer ýüzünde 40-dan gowrak elguş hem-de tazy bilen aw edýän döwletleriň arasynda ýeke-täk türkmen tazysyna mahsusdyr. Çölde guş awa salnan wagtynda awçy öz elguşyny gözden ýitirýär. Şeýle ýagdaýda, köplenç, eýesi özüniň guşyny tazynyň yzyny alyp tapyp bilýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05878 sek. ýüklenen baýt: 33153