Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Alabaý wepaly dostlugy, gaýduwsyzlygy hem-de güýç-kuwwaty alamatlandyrýan söýgüli jandar
Ýazylan wagty: 17 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenleriň milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek boýunça maksada okgunly we tutanýerli işi olaryň tutuş dünýäde ilerledilmegine we ösmegine ýardam etdi. “Türkmen alabaýy” atly kitap hem bu giň gerimli işe saldamly goşant bolar. Bu neşiriň sahypalaryndan okyjy oňat bezelen kitabyň baş gahrymany barada, alabaýyň milletiň ykbalynda eýelän orny, onuň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde hem-de türkmen filosofiýasynda eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlary alyp biler. Döwlet Baştutanymyzyň
teklibi boýunça hut alabaýyň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde seçilip alynmagy tötänden däldir, çünki ol, öňküsi ýaly, halkymyzyň
wepaly dostlugy, gaýduwsyzlygy hem-de güýç-kuwwaty alamatlandyrýan söýgüli jandary bolmagynda galýar. Bu gaýduwsyz itler daşyndan haýbatly bolup görünse-de, itleriň şu tohumy bilen ýakyndan tansy bolan her bir adam daşky keşbiniň aňyrsynda özüne mähirli garaýşa sarpa goýmagy başarýan mährem ýüregiň gizlenip ýatandygyna oňat düşünýär. Alabaý çagalara mähremdir, olara özi bilen oýnamaga mümkinçilik berýär we şoňa görä-de, maşgalanyň hakyky agzasyna öwrülýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,sakçy it hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý özüniň eýesini we ony gurşap alýan zatlaryň ählisini: öýüni, dogan- garyndaşlaryny we esasan hem çagalary buýsanç bilen gorar. Bu itiň häsiýetiniň tapawutly tarapy mertebelilik, özüňe ynam duýgusy bilen baglanyşyklydyr, tejribeli it idedijiler alabaýy terbiýelemekde güýç ulanmak arkaly temmi bermek çäresini asla ulanyp bolmaýandygyna oňat düşünýärler. Ilki bilen itiň hormatyna mynasyp bolmaly, diňe şondan soňra ol size gürrüňsiz tabyn bolar. Köp asyrlaryň dowamynda içgin seçip almak işleri şu häsiýetleri kemala getirmäge ýardam etdi.
Okalan sany: 392   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
17 сентября 2019

Awçylar öz ýetişdiren tazylaryny häsiýetlerine görä, esasan, üç topara bölýärler. Olaryň birinjisi guş tazysy bolup, ol tazylaryň içinde iň gowysy hasap edilýär. Ol awda guşuň hereketlerine seredip, guş bilen awuny sazlaşykly alyp barýar. Ikinjisi goş tazysydyr. Ol awa gidende, goş ýazdyrylýan ýere gidýär, ýagny, awçylar goşlaryny goýup, awa çyksalar, ýaňky tazy derrew goşa tarap barýar. Üçünjisi bolsa, ýantazydyr. Bu tazy awça gaty öwrenişýär-de, öýde wagty girse-girip, çyksa-çykyp mydama awçynyň ýanynda bolýar. Tazy barasynda halk ençeme nakyllardyr atalar sözüni döredipdir. «Gawun gowusy — mazy, it gowusy —tazy», «Tazysyz giden tilkisiz geler», «Towşan tutan tazy öýken iýer, eýesi gapyrga», «Idilen tazy awa ýaramaz», «Tazy köpegiň sesi bor» we başgalar. Türkmenler tazylaryny hem öz tebigatyna mahsus asylly häsiýetli edip ýetişdiripdirler. Olar örän düşbi we syzgyr bolýarlar. Bir gezek eýesi nähoşlap ýatan tazyny, eýesiniň rugsady bilen başga bir awçy awa äkidipdir. Şonda ol tazy tutan towşanyny derrew goş ýerine tarap alyp gaýdypdyr. Şol wagta çenli awy bozmadyk bu tazynyň hereketini awçy soňra goşa gelende bilipdir. Goşa gelip görse, tazy öz keteginde eken, towşany hem iýmän, goýupdyr. Tazynyň nähoşlan eýesi şol wagt güýçli gyzdyryp, yzaly iňňildäp, suw soraýan eken. Diýmek, tazy näsaglan eýesiniň ýanyna ol awçyny getirmek üçin towşany alyp gaçypdyr we eýesiniň dadyna ýetişipdir. Laçyndyr tazy bilen aw awlamak däbi köp wagtyň geçmegi bilen tejribe edilen we awuň häzirki zaman kadalaryna laýyk gelýän halk sungatydyr. Halk sungaty derejesine ýeten bu däp-dessur berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenistanyň milli elguşly awçular klubynyň ezber türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, türkmen elguşydyr tazysynyň at-abraýyny äleme ýaýýar. Muňa mysal kän.Keniýada dokuz sany kowgy iti 1000 we 1500 metr aralyga ýaryşdyryldy.

Mayichka
17 сентября 2019

Soňky ýyllarda Orta Aziýa owçarkasyna bolan gyzyklanma Ýewropada hem artdy. Ýöne Türkmenistanda halk seçgiçileriniň tagallasy hem-de alabaýyň beýleki tohumlardan goralyp saklanmagy netijesinde, ol beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň ilkibaşdaky keşbini saklap galypdyr. Gadym döwürlerden bäri bu tohumyň wekilleri çopan itleri hökmünde ulanylýar. Olar desgalary hem sak goraýarlar. Häzirki wagtda Orta Aziýa owçarkasy itleriň sakçy tohumynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08080 sek. ýüklenen baýt: 34877