Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Wepaly ýoldaş
Ýazylan wagty: 17 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Alabaý itiniň bu tohumynyň birnäçe ady bar. Ony türkmen alabaýy, şeýle hem Orta Aziýa owçarkasy, möjekden üstün çykýan türkmen iti diýip atlandyrýarlar. Ýokary hünärli it idedijilerbu tohumyň ýaşyny dürli-dürli kesgitleýärler. Onuň gelip çykyşy üç müňden alty müň ýyla çenli üýtgeýär. Arheologlaryň Türkmenistanyň çäginden tapan çopan itiniň şekili hem bu tohumyň örän gadymydygyna şaýatlyk edýär. Gulaklary we guýrugy kesilen itleriň terrakot şekiljikleri dürli ýyllarda Altyndepe we Goňurdepe ýaly meşhur ýadygärliklerde (biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllyk) tapyldy. Itler beýleki halklaryň ýekejesinde-de türkmen halkyndaky ýaly hormat- sarpadan peýdalanmaýar. Arheologlar tarapyndan dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolan Marguşdak gonamçylykda gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan, uly hormat-sarpa bilen jaýlanan itiň galyndylary munuň subutnamasydyr. Arheologlaryň pikirine görä, bu ýerde protozoroastrizmiň yzlary ýüze çykaryldy. «Awestada» itiň keşbi barada öwgüli sözler aýdylýar, ol mukaddeslige deňelýär. Marguş ýurdunyň guburlarynda itleriň jaýlanmagy muny tassyklaýar. Bu guburlar alabaýlaryň söweşijiler bilen deň hatarda goýlandygy bilen baglydyr diýip, arheologlar hasaplaýarlar. Marguşyň ýaşaýjylary, bu dünýä bilen hoşlaşanlaryndan soň hem, onuň ýaşaýjylaryny goramaklaryny dowam etdirmekleri üçin, bu itleri, gahrymanlar ýaly, uly hormat- sarpa bilen jaýlapdyrlar. Köne Nusaýdan tapylan Parfiýa ritonlarynyň birinde ägirt uly itiň şekilini görmek bolýar. Aşgabadyň muzeýlerinde dürli asyrlarda we dürli senetçilik merkezlerinde döredilen alabaýyň beýleki heýkel şekilleri hem saklanýar. Arheologik ekspedisiýalaryň barşynda köp halatlarda alabaý tohumynyň taryhyny açyp görkezýän, bu täsin itiň ynsanyň durmuşyndaky orny barada gürrüň berýän maglumatlar hem ýüze çykarylýar.
Okalan sany: 217   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
17 сентября 2019

Golaýda orta asyra degişli meşhur Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda kinniwanja faýans heýkeljigi tapyldy. Onda türkmen alabaýynyň tohum häsiýetleri aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Häzirki wagtda alabaý dünýäde iň meşhur tohumlaryň biridir.

Mayichka
17 сентября 2019

Türkmen alabaýy berk nerw ulgamyna eýedir hem-de örän rahat we gaýduwsyz gylyk- häsiýeti bilen tapawutlanýar. Bu itler örän akylly, gaýduwsyz, garaşsyz, öz güýjüne ynamly jandarlardyr. Olar özüniň çägini gaýduwsyzlyk bilen goraýarlar, howp abanan mahalynda örän çaltlyk bilen hereket etmäge we gaýtawul bermäge ukyplydyr. Okyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynda gyzykly wakalaryň, rowaýatlaryň we arhiw maglumatlarynyň mysalynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan alabaý barada örän köp gyzykly maglumatlary tapyp bilerler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07680 sek. ýüklenen baýt: 32248