Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Daşoguzly medeniýet we sungat işgärleri sylaglanyldy
Ýazylan wagty: 17 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Daşoguzly medeniýet we sungat işgärleri sylaglanyldy
Golaýda, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi. 7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar Köşgünde bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hem-de medeniýet we sungat ussatlaryna hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllyk toý dabarasynyň öňüsyrasynda Şa serpaýlarynyňdyr hormatly atlaryň dakylmagy ähli halkymyz üçin toý sowgady boldy we her bir raýaty yhlasly zähmet çekmäge, döredijilik ukyplaryny artdyrmaga ruhlandyrdy.

Özleriniň halal zähmetlerine, döwrümizi, Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy wasp edýän ajaýyp eserlerine ýokary baha berlip, şa serpaýlaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň şa serpaýlarynyň gutly bolmagyny, döredijilik başarnyklarynyň has-da artmagyny arzuw edýäris.

 1 Täçdurdy KERIMOW, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat;
 2 Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň «Örtmen gölli» atly halyny dokan topary (3 adam), ýolbaşçysy Oguljan Garlyýewa,, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi; 4 200 (dört müň iki ýüz) manat;
 3 Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň «Daşoguz gölli» atly halyny dokan topary (3 adam, ýolbaşçysy Täzegül Babakowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi; 2 100 (iki müň bir ýüz) manat;
 4 Ogulgerek Şihyýewa, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň drama artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi; Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat;
 5 Mekan NURYÝEW, welaýat medeniýet müdirliginiň “Dostluk çemeni” tans toparynyň ses operatory, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi; Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat;
 6 Welaýat medeniýet müdirliginiň birleşen “Dessan” folklor topary, ýolbaşçysy Kakageldi Ärjanow, 10 500(on müň bäş ýüz manat);
 7 Eziz Törebaýew, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Medeniýet merkeziniň tans artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat;
Baýraklaryňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!
Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06038 sek. ýüklenen baýt: 32490