Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Durmuş barada tymsallar
Ýazylan wagty: 18 сентября 2019 Ýazan Mayichka
Ýagdaý
— Örän ýaglyja işe geçipsiň,
Kepgir, saňa gözüm gidýär —
diýip, Ätişgir ýüzlendi. — Haçan
görseň et-ýagyň içinde görün-
ýärsiň.
— Umuman, sen hak. Ýöne
sen hem gaýnap duran ýaga bir
gezek çümüp çyk, şonda halyň
niçik bolarka — diýip, Kepgir jogap beripdir.

Nam-nyşan galmady
Haýsydyr bir sergezdan bolup, entäp ýören şemala goşulyp, belende göterilen Çaň-tozan:
— Tutuş dünýäni eýelemeli
bolduk — diýip, äleme jar saldy.
Az-kem ýagyş sepeledi welin,
ondan nam-nyşan galmady.
Kebelek
— Ine, seret, kebelek gelýär,
ol hemişe meniň daşymda perwana bolýar — diýip, Gyzyl gül
Ak güle ýüzlendi.
— Hawa, ol kim gözüne gö-
rünse, onuň daşynda perwana boluberýär. Ine, görersiň,
häzir senden dönüp, meniň
ýanyma geler — diýip, Ak gül
jogap berdi.
Okalan sany: 320   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
18 сентября 2019

Oda salyp gör — Wiý, bu ýönekeý daş eken-le?! — Ýok, bu kömür. — Daş sypatyma seredip baha bermäge howlukmaň, meniň nämedigimi biljek bolsaňyz oda salyp görüň — diýip, Daşkömür jowranypdyr.

Mayichka
18 сентября 2019

Geçit — Ine, menden sag-aman geçdiňiz, armaweriň — diýip, Geçit sözüni dowam etdi. — Emma indi ýoluň iň kyn ýeri başlanýar — aşak düşmek baş- lanýar. Seresap boluň, taýyp gidäýmäň!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05810 sek. ýüklenen baýt: 30801