Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gurmak, döretmek pygamberleriň ýoludyr
Ýazylan wagty: 18 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Gurmak, döretmek pygamberleriň ýoludyr
 Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, ýaşaýyş jaýlaryny, ajaýyp binalary gurmakda welaýatymyzyň gurluşykçylary gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar.

  Daşoguz şäherimiz hem gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Halkymyzyň baky bagtyýarlygy üçin olaryň ýaşaýyş durmuş derejelerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlary gurulyp ulanmaga berilýär. Bu gurulýan jaýlar halkymyza elýeterli bolmagy üçin döwletimiz tarapyndan birnäçe ýeňillikler döredilýär.

  Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramçylygynyň öňi syrasynda Daşoguz şäheriniň Nowruz şäherçesinde bina edilen Daşoguz demir-beton önümlerini öndürýän kärhanasy tarapyndan 2 sany 4 gatly 32 öýli ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynyň gurulyp ulanmaga berilmegi baýramçylyga halkymyz üçin ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Bu gözel görkli ýaşaýyş jaýynyň öý eýelerine dabaraly ýagdaýda açarlarynyň gowşurylmagy ýakymly pursat boldy. Bu dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06876 sek. ýüklenen baýt: 30234