Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Darganata etrabynda döwrebap şäherçe gurulýar
Ýazylan wagty: 18 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Darganata etrabynda döwrebap şäherçe gurulýar
  Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere ýol salýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Türkmenistany döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan  işler barha rowaçlanýar. Şolaryň birisi Darganata etrabynda gurulýan döwrebap şäherçedir.
  Döwrebap şäherçede binalaryň we desgalaryň uly toplumy gurulýar. Hususy kärhanalaryň we telekeçileriň 20-ä golaýynyň işjeň gatnaşmagynyň netijesinde gurluşyk işleriniň depgini ýokarlanýar. Şäherçede binalaryň 7-siniň gurluşygy tamamlandy. Olar aragatnaşyk bölüminiň, süýdi gaýtadan işleýän we alkogolsyz içgileri taýýarlaýan zawodlaryň, awtoulaglara hyzmat ediş nokadynyň, azyk önümleri dükanlaryň 2-siniň, maldarçylyk fermasynyň binalarydyr. Gurluşygynyň şu ýylyň aýagyna tamamlanmagyna ynam bildirilýän täze şäherçäniň ilatynyň ýokary hilli içimlik suw bilen üpjünçiligi hem göz öňünde tutuldy. Şu maksat bilen bir gije-gündiziň dowamynda 10 müň kub metr suwy arassalap sarp edijilere paýlamaga niýetlenilen suw arassalaýjy desga gurulýar. Ony „Demir gap“ hususy kärhanasy gurýar. Gurluşygyň tamamlaýjy tapgyryna girişildi.  
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07160 sek. ýüklenen baýt: 30138