Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Aralyk hasyly ýygnamak işi gyzgalaňly dowam etdirilýär
Ýazylan wagty: 18 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Aralyk hasyly ýygnamak işi gyzgalaňly dowam etdirilýär
  
  Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri aralyk ekinlerden bol hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Häzirki wagtda giçki aralyk we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işi gyzgalaňly dowam etdirilýär.
   Şu ýyl welaýatymyzyň daýhan birleşikleriniň bugdaýdan boşan  6 müň gektardan gowrak ýerine aralyk we mallar üçin ot-iýmlik ekinleri ekildi. Bellenilen meýilnama laýyklykda gök ekinleri 1885 gektara, bakja ekinleri 2100 gektara, şol sanda, pomidor 545, ýeralma 1147, sogan 50, kelem 143, käşir 450 gektar meýdana ekildi we bu ekinlerden bol hasyl ýetişdirildi. Aralyk ekinleriň eýýäm ençeme tonnalary ýygnalyp, ak bazarlarymyza ugradyldy. Bu görkeziji ýene-de artar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýan tejribeli daýhanlarymyz ýetişdiren gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginde dowam etdirýärler.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05515 sek. ýüklenen baýt: 29900